SIZDEN GELENLER

Ahalteke bedewleri – milli buýsanjymyz

«Ahal­te­ke be­dew­le­ri hal­ky­my­zyň mil­li buý­san­jy­dyr we asyr­la­ryň do­wa­myn­da ke­ma­la ge­ti­ren gym­mat­lyk­la­ry­nyň naý­ba­şy­sy­dyr» di­ýip nyg­ta­ýan Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň be­hiş­di be­dew­le­re buý­san­jy­nyň nus­ga­lyk­dy­gy za­ma­na­my­zyň aja­ýyp ha­ky­ka­ty­dyr. Türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri, Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýa­kyn­da Arkadag şä­he­ri­ne ama­la aşy­ran iş sa­pa­ry­nyň bar­şyn­da hem bu ha­ky­ka­ta ýe­ne bir ýo­la göz ýe­tir­dik.

Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz şol ýer­de Hal­ka­ra ahal­te­ke at­çy­lyk as­so­sia­si­ýa­sy ta­ra­pyn­dan al­nyp ba­ryl­ýan iş­ler hem-de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň gat­naş­ma­gyn­da açy­lyp ulan­ma­ga ber­len Aba An­na­ýew adyn­da­ky Hal­ka­ra at­çy­lyk aka­de­mi­ýa­syn­da il­kin­ji ge­zek bel­le­nil­ýän Türk­men be­de­wi­niň mil­li baý­ra­my­na gö­rül­ýän taý­ýar­lyk iş­le­ri bi­len ta­nyş­dy.

Ýur­du­myz­da bel­le­nil­ýän toý­dur baý­ram­lar öz­bo­luş­ly şow­hu­ny bi­len ta­pa­wut­lan­ýar. Her ýyl uly da­ba­ra bi­len bel­len­ilýän Türk­men be­de­wi­niň mil­li baý­ra­myn­da türk­men at­la­ry­nyň gö­zel­lik bäs­le­şi­gi­ni, ça­py­şyk­la­ry, ser­gi­le­ri, aý­dym-saz­ly çy­kyş­la­ry gu­ra­mak in­di dä­be öw­rül­di. Baý­ram­çy­lyk­la­ryň bi­ri-bi­rin­den özboluşly bol­şy ýa­ly, ola­ryň her ýyl­da bel­le­ni­li­şi hem aý­ra­tyn tapawutlan­ýar. «Pä­him-paý­has um­ma­ny Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy» ýy­lyn­da Türk­men be­de­wi­niň mil­li baý­ra­my my­na­sy­bet­li ge­çi­ril­jek bäs­le­şik­ler Ar­ka­dag şä­he­rin­de da­ba­ra­lan­dyrylar.

Müňýyllyklaryň dowamynda türkmen seýisleri gözelligi bilen deňi-taýy bolmadyk behişdi bedewleri mähir bilen ösdürip ýetişdirdiler. Gahryman Arkadagymyzyň «Ahalteke bedewi – biziň buýsanjymyz we şöhratymyz» atly kitaby deňi-taýy bolmadyk bedewlere bolan çäksiz söýgüsiniň we aýratyn hormatynyň nyşanydyr. Umumadamzat gymmatlyklarynyň derejesinde ägirt uly açyşlary eden, kämilligiň beýik nusgasyny Älem-jahana peşgeş beren türkmen halky çydamly, wepaly, ýyndam bedewleriň saýlama tohumlaryny döredipdir. Häzirki döwürde ahalteke bedewlerimiziň bady ýurdumyzyň ösüşleriniň nyşanyna öwrüldi. Şeýle hem özüniň owadanlygy, duýgurlygy, ýüwrükligi, ýyndamlygy bilen görenleri haýrana goýýan ahalteke bedewleriniň waspy eserlerde ussatlyk bilen ýetirilýär.

Enegül Ballyýewa,
Türkmenistanyñ Döwlet medeniýet merkeziniň
Döwlet muzeýiniň uly ylmy işgäri.

Ýene-de okaň

Türkmen–rus gatnaşyklarynda daşary ýurt dilleriniň ähmiýeti

“Hakyda göwheri” – milli mirasymyzyň şöhratly ýoly

“Magtymguly–dünýäniň akyldary”

Saglyga sarpa – durmuşa sarpa

Saglyk – bagtyýar ýaşaýşyň gözbaşy

2025-nji ýyl – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly

Ata Watan Eserleri