SPORT

Şu gün Türkmenistan-Eýran duşuşar

Türkmenistanyň milli ýygyndy topary Dünýä çempionaty – 2026-nyň we Aziýanyň Kubogy 2027-niň saýlama tapgyrynyň çäginde Eýranyň ýygyndysy bilen geçirjek duşuşygyna ak eşikde çykar. Eýranyň milli ýygyndy topary bu duşuşykda gyzyl köýnekçede oýnar.

Duşuşyk şu gün paýtagtymyzyň «Aşgabat» köpugurly stadionynda geçer. Oýnuň başlanýandygyny mälim edýän jürlewük 20:00-da ýaňlanar.

Möhüm duşuşygyň öňüsyrasynda, ýagny 25-nji martda bolsa Mergen Orazowyň şägirtleri köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri üçin açyk türgenleşik geçirdiler. Şonuň yzysüre türkmen ýygyndysynyň metbugat maslahaty guraldy.

Ýene-de okaň

Salah “Liwerpuldan” gidýär

Oweçkin 1000 gol sepgidine ýetdi

Özbek futbolçy “Mançester Siti” topary bilen ilkinji kubogyny gazandy

Türkmenistan Tailandyň ýygyndysy bilen geçiriljek duşuşyga taýýarlyk görýär

Messi karýerasyndaky 900-nji goluny geçirdi

Türkmenistanyň futbol çempionaty – 2026: möwsümiň öňüsyrasy toparlar düzümlerini güýçlendirdiler