SPORT

Futbolda täze rekord

Awstriýanyň futbol boýunça milli ýygyndysy Slowakiýanyň milli ýygyndysy bilen ýoldaşlyk duşuşygyny geçirdi. Bratislaw şäherinde geçirilen duşuşyk 2:0 hasabynda tamamlandy we täze rekordyň hasaba alnan duşuşygy boldy.

Awstriýanyň düzüminde Kristof Baumgartner we Adreas Waýman tapawutlandy. Kristof Baumgartner duşuşygyň 6-njy sekuntynda tapawutlanyp, ozalky rekordy täzeledi. Ol milli ýygyndylaryň arasyndaky duşuşyklarda iň çalt gol geçirmek rekordyna eýe boldy.

Mundan ozalky rekord, Germaniýanyň milli ýygyndysyndan Lukas Podolskä degişlidi. Ol 2013-nji ýylyň 29-njy maýynda Ekwador bilen geçirilen ýoldaşlyk duşuşygynda 7-nji sekuntda tapawutlanypdy.

Related posts

Lewandowski “Altyn aýakgap” baýragynyň eýesi boldy

Ata Watan Eserleri

Basketbol çempionaty hem ýatyryldy

Dr.Döwran Orazgylyjov

“Barselonanyň” täze tälimçisi Kuman bolar

Ata Watan Eserleri