DÜNÝÄ

Türki Döwletleriň Guramasynyň döwletleri azyk howpsuzlygy boýunça ylalaşyk baglaşarlar

Türki Döwletleriň Guramasynyň düzümine girýän döwletleriň arasynda azyk howpsuzlygy babatda ylalaşyga gol çekiler. Bu barada Türki Döwletleriň Guramasynyň baş sekretarynyň orunbasary  Ömer Kojaman Azerbaýjanyň paýtagty Baku şäherinde geçirilýän halkara obasenagaty forumynda habar berdi.

Onuň bellemegine görä, häzirki wagtda bu resminamany taýýarlamak boýunça işler alnyp barylýar.

– Howanyň üýtgemegi we dünýäde bolup geçýän wakalar azyk howpsuzlygynyň ähmiýetini artdyrdy. Şonuň üçin biz hem bu meseläni gün tertibimize aldyk. Özbegistanyň Prezidenti guramanyň çäklerinde azyk howpsuzlygy babatda ylalaşyk baglaşmagy teklip edipdi – diýip, Kojaman belläp geçdi.

Şeýle hem ol şu ýylyň mart aýynyň ahyrynda Italiýada Türki Döwletleriň Guramasy bilen BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasynyň (FAO) arasynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça ylalaşyga gol çekiljekdigini belledi.

Türki Döwletleriň Guramasynyň düzümine girýän döwletler bilen BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasy bilelikde azyk howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça bilelikdäki işleri geçirer.

– Oba hojalygy ulgamynda taslamalary durmuşa geçirmegi meýilleşdirýäris. Guramanyň döwletleriniň arasyndaky ýyllyk özara söwdanyň möçberi 40 milliard dollara deňdir, bu görkezijini artdyrmak möhümdir. Şeýle hem söwdanyň möçberinde oba hojalygynyň paýyny ýokarlandyrmak zerurdyr – diýip bellän Kojaman 19-21-nji martda Gazagystanyň Taraz şäherinde guramanyň döwletleriniň oba hojalyk ministrleriniň III duşuşygynyň geçiriljekdigini mälim etdi.

Bu duşuşygyň çäklerinde işewürlik forumyny hem guramak göz öňünde tutulýar.

Türki Döwletleriň Guramasynyň düzümine girýän döwletleriň oba hojalyk ministrleriniň II duşuşygynyň 2023-nji ýylyň sentýabrynda Bakuda geçirilipdi.

Ýene-de okaň

IFT 2026: ikitaraplaýyn duşuşyklar we gol çekilen resminamalar

Türkmenistan Gruziýadaky Halkara Nowruz gününiň dabaralaryna gatnaşdy

Türkmenistan Belgiýanyň “CULeuven” uniwersitetinde tanyşdyryldy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan bilen Özbegistan awtomobil ýollaryny gurmak babatda hyzmatdaşlygyny berkidýär

Merkezi Aziýa-Koreýa Respublikasy birinji sammitine taýýarlyk görlüp başlandy

CNPC: Türkmenistan bilen gaz hyzmatdaşlygymyz dowam eder

Ata Watan Eserleri