Oba hojalygynda toplumlaýyn özgertmeleriň amala aşyrylmagy, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek boýunça döwlet maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegi, ykdysadyýetiň hususy ulgamynyň, kiçi we orta telekeçiligiň hemmetaraplaýyn goldanylmagy netijesinde, bu ulgamda düýpli öňegidişlikler gazanylýar, belent sepgitlere ýetilýär.
Soňky maglumatlara görä geçen ýyl telekeçilerimiziň oba hojalyk önümleriniň eksportyndan gazanan peýdalary 135 million amerikan dollaryna ýetdi. Bu görkeziji geçen ýylky bilen deňeşdireniňde, 10 göterimden hem ýokarydyr.
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary 2023-nji ýylda oba hojalyk pudagynda gazanan üstünlikleri barada durlup geçilende, şu maglumatlar salgylanmak bolar:
- 2023-nji ýylda innowasion tehnologiýalar ornaşdyrylan 9 azyk, 11 oba hojalyk ugurly önümçilik kärhanalaryny işe girizdiler.
- Bulardan başga-da, «Bagtyýar gurluşyk» hojalyk jemgyýeti Balkan welaýatynyň Bereket etrabynda birwagtda 998,4 müň tonna galla saklamaga we ýylda 187,8 müň tonna un öndürmäge, «Horjun» hojalyk jemgyýeti Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Owadandepe obasynda 12 müň tonna galla saklamaga we ýylda 43,8 müň tonna un öndürmäge niýetlenen kärhanalaryň gurluşyk-gurnama işlerini üstünlikli tamamladylar.
- Birleşmäniň agzalary azyk önümleriniň öndürilýän möçberlerini artdyrmak bilen çäklenmän, eýsem, olaryň 130-a golaý täze görnüşini, şol sanda 7 görnüşli «Ýeserje» çaga iýmitini, 18 görnüşli şöhlat önümlerini, 33 görnüşli gazlandyrylan alkogolsyz içgileri, 6 görnüşli miweli şerbet suwlaryny, 54 görnüşli süýji-köke önümlerini, 4 görnüşli tort önümlerini, mosarella peýnirini öndürip başladylar.
TELEKEÇILERIŇ GAZANAN HALKARA ÜSTÜNLIGI
- 2023-nji ýylda «Altyn Ýunus» hususy kärhanasynyň süýji önümleri Russiýa Federasiýasynda «Продэкспо — 2023» ady bilen geçirilen halkara sergide altyn medala mynasyp boldy.
- Telekeçi Rejepmyrat Orazowa «Täze aý» haryt nyşanly süýji-köke önümleriniň hil derejesi üçin Russiýa Federasiýasynyň Moskwa şäherinde geçirilen «World Food» iýmit önümleriniň 32-nji halkara güýzki sergisiniň, şeýle hem Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde geçirilen «Gulfood Manufacturing» sergisiniň güwänamalary gowşuryldy.
- Telekeçi Çaryýar Annageldiýewiň «Arçalyk» haryt nyşanly gazlandyrylan alkogolsyz içgileri «Экспоцентр» halkara sergisiniň diplomyna hem-de Owganystanyň Söwda-maýa goýum edarasy (ACCI) tarapyndan geçirilen halkara serginiň güwänamasyna eýe boldy.
