Kuweýt Döwletiniň Emiri Şeýh Nawaf Al-Ahmed Al-Jaber Al-Sabah 86 ýaşynda aradan çykdy. Bu barada “AP” habarlar gullugy habar berýär.
Emir Nawaf Kuweýt döwletiniň 16-njy emiridir. Ol 2020-nji ýylyň 29-njy sentýabrynda bu ýokary döwlet wezipesine bellenipdi.
Kuweýtiň 16-njy Emiri 1937-nji ýylyň 25-nji iýunynda El-Kuweýt şäherinde dünýä inýär. Ol Beýik Britaniýada bilim alýar. Emir Nawaf ýurduň içeri işler ministri, goranmak ministri, Premýeriň orunbasary wezipelerini amala aşyrdy. 2006-njy ýylda as-Sabah maşgalasynyň mirasdüşeri diýlip yglan edilipdir.
Emiriň aradna çykmagy sebäpli ýurtda 40 gün matam yglan edildi we resmi edaralar 3 gün ýapyk bolar.
4,2 million ilaty bolan Kuweýt döwleti nebit gorlary boýunça dünýäde 6-njy orundadyr.
