JEMGYÝET

Türkmenistanda BMG-HABITAT-yň wekilhanasy açylar

Türkmenistanyň DIM-niň binasynda BMG-niň Ilatly nokatlar boýunça maksatnamasy (BMG-HABITAT) bilen hyzmatdaşlyga bagyşlanan tegelek stol maslahaty geçirildi.

Maslahatyň işine Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary M. Bäşimowa, BMG-HABITAT-yň Merkezi Aziýa we Gündogar Ýewropa boýunça sebitleýin geňeşçisi K. Şefer, şeýle-de Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Çäräniň dowamynda taraplar Türkmenistanda BMG-HABITAT-yň wekilhanasyny açmagyň mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşdylar we hyzmatdaşlygyň hukuk esaslaryny döretmegiň wajyplygy barada pikir alyşdylar.

Taraplar Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň BMG-HABITAT bilen hyzmatdaşlygynyň ösüş häsiýeti eýedigini hem bellediler.

Related posts

Ýurdumyz boýunça oba hojalyk ekinleri barada maglumat

Ata Watan Eserleri

Täjigistanyň Prezidenti türkmen wekiliýetini kabul etdi

“Arkadag” topary “Goa” toparyny 3:0 hasabynda ýeňdi