JEMGYÝET

Türkmenistanyň daşary işler ministrine täze orunbasarlar bellendi

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzyň daşary ýurtlardaky diplomatik gulluklarynyň ýolbaşçylarynyň we beýleki döwlet ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilýär.

Ministrler Kabinetiniň mejlisinde guramaçylyk meselelerine hem seredildi. Şoňa laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken resminamalaryna laýyklykda, Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasarlary Wepa Hajiýew hem-de Berdiniýaz Mätiýew başga işe geçmegi sebäpli wezipelerinden boşadyldy.

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasarlary wezipelerine Ahmet Gurbanow hem-de Serdar Muhammetdurdyýew bellendi.

Ahmet Gurbanow mundan ozal, köp ýyllaryň dowamynda Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesinde işledi.

Serdar Muhammetberdiýew Türkmenistanyň Diwanynyň döwlet protokoly hem-de halkara gatnaşyklary bölüminiň müdiri Serdar Muhammetdurdyýew şol bir wgatda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary wezipesini alyp barar.

 

 

Ýene-de okaň

Türkmenistan bilen Azerbaýjan ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegini maslahatlaşdy

Türkmen wekiliýetiniň Gruziýanyň portlaryna sapary

Türkmenistanyň wekiliýeti Azerbaýjana sapar bilen bardy

Türkmenistan bilen Belarus ynsanperwer gatnaşyklaryny berkidýär

Ata Watan Eserleri

25-nji aprelinde ahalteke atlarynyň halkara gözellik bäsleşigi geçiriler

Türkmenistan bilen BMG täze resminamalara gol çekişdi