JEMGYÝET

Wepa Hajiýew Şweýsariýa ilçi boldy

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzyň daşary ýurtlardaky diplomatik gulluklarynyň ýolbaşçylarynyň we beýleki döwlet ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilýär.

Döwlet Baştutany Wepa Hajiýewi başga işe geçmegi sebäpli Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary wezipesinden boşatdy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken resminamasyna laýyklykda, Wepa Hajiýew Türkmenistanyň Şweýsariýa Konfederasiýasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellendi.

Wepa Hajiýew köp ýyllardan bäri ýurdumyzyň diplomatik gullugynda zähmet çekýär. Ozal Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde geňeşçi hem-de ministriň orunbasary wezipelerinde işlän Wepa Hajyýew mundan beýläk Türkmenistanyň Şweýsariýadaky ilçisi wezipesini ýerine ýetirer.

Şeýle hem Wepa Hajiýew Türkmenistanyň BMG-niň Ženewa şäherindäki edarasynyň ýanyndaky hemişelik wekili wezipesini hem alyp barar.

Mundan başga-da, Wepa Hajiýewe Türkmenistanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi diplomatik derejesi berildi.

 

Related posts

Türkmenistanyň Prezidenti aýlyk zähmet hakynyň ýarysyny haýyr-sahawat gaznasyna geçirdi

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan bilen Özbegistan gümrük maglumatlary alyşmak babatda hyzmatdaşlyk eder

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy: Hytaýda türkmen raýatlarynyň 10 müňden gowragy okaýar

Ata Watan Eserleri