JEMGYÝET

Türkmenistan bilen Gazagystan söwda dolanyşygy 1 milliard dollara ýetirer

2026-njy ýylyň 1-nji iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen resmi sapar bilen Aşgabada gelen Gazagystan Respublikasynyň daşary işler ministri Ýermek Koşerbaýewiň arasynda duşuşyk geçirildi.

Ministrler konstruktiw gepleşikleriň dowamynda iki döwletiň Baştutanlarynyň özara ynama esaslanýan dialogy we syýasy erk-islegi netijesinde türkmen-gazak strategik hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň yzygiderli ösýändigini bellediler. Şeýle hem, ýokary derejede gazanylan öňki ylalaşyklaryň amaly taýdan ýerine ýetirilişi jikme-jik ara alnyp maslahatlaşyldy.

Taraplar syýasy-diplomatik hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga aýratyn üns berdiler. Iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasynda, şol sanda ikitaraplaýyn syýasy geňeşmeleriň çäklerinde yzygiderli gatnaşyklary dowam etdirmäge özara taýýardyklary beýan edildi. Sebitleýin we halkara gün tertibini ara alyp maslahatlaşmagyň dowamynda daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary Türkmenistanyň we Gazagystanyň başlangyçlaryny hem-de tekliplerini BMG-niň we beýleki abraýly halkara guramalarynyň çäklerinde özara goldamak tejribesine ygrarlydyklaryny tassykladylar. Şunuň bilen baglylykda, şu ýylda Türkmenistanda ýokary derejede geçirilmegi meýilleşdirilýän iri halkara çärelerine taýýarlyk meselelerine aýratyn üns berildi.

Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça taraplar ulag-logistika, energetika we senagat ugurlarynda gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň möhümdigini nygtadylar. Özara söwda dolanyşygyny diwersifikasiýalaşdyrmakda hem-de maýa goýum işjeňligini höweslendirmekde Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara toparyň utgaşdyryjy ornunyň möhümdigi bellenildi.

Medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça pikir alyşmalaryň dowamynda ylym, bilim we medeniýet ugurlarynda däp bolan gatnaşyklary has-da çuňlaşdyrmagyň ähmiýeti nygtaldy. Ministrler iki ýurduň doganlyk halklarynyň arasyndaky dostluk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmaga ýardam berjek bilelikdäki özara medeni çäreleriň geçirilmegini goldaýandyklaryny beýan etdiler.

Gepleşikleriň netijeleri boýunça taraplar köpugurly döwletara dialogy hemmetaraplaýyn giňeltmäge ygrarlydyklaryny tassykladylar. Gepleşikleriň esasy ugurlarynyň biri söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmek boldy. 2026-njy ýylyň ilkinji dört aýynyň jemleri boýunça haryt dolanyşygynyň 6,8 göterim artyp, takmynan 180 million ABŞ dollaryna ýetendigi bellenildi. Döwlet Baştutanlarynyň beren tabşyryklaryna laýyklykda, taraplar bu görkezijini 1 milliard ABŞ dollaryna ýetirmäge taýýardyklaryny tassykladylar.

Gepleşikleriň netijesinde Gazagystan Respublikasynyň Daşary işler ministrligi bilen Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň arasynda 2027–2028-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlyk Maksatnamasyna gol çekildi.

Ýene-de okaň

Ýewropada ahalteke bedewleriniň ilkinji halkara gözellik çempionaty geçiriler

“Türkmenistanda 2027-nji ýylda bugdaýyň bol hasylyny öndürmek hakynda” Karara gol çekildi

Azerbaýjan Türkmenistana armyt eksport edip başlady

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidenti birnäçe daşary ýurt kompaniýalarynyň ýolbaşçylaryny kabul etdi

Hormatly Arkadagymyz Prezident Ärdogany Türkmenistana sapar bilen gelmäge çagyrdy

Türkmenistanyň Prezidenti türk işewürlerini kabul etdi