Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan 2023 — 2027-nji ýyllar üçin Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) Bedenterbiýe we sport baradaky hökümetara komitetiniň düzümine saýlandy.
Munuň özi sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy hökmünde ykrar edilen Türkmenistan döwletiniň alyp barýan sport syýasatynyň halkara derejesinde uly goldawa we abraýa eýedigini alamatlandyran waka boldy.
Hemmämiziň bilşimiz ýaly, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzda sporty ösdürmek bilen baglanyşykly toplumlaýyn işler durmuşa geçirilýär. Olaryň hatarynda köpçülikleýin bedenterbiýe, sport hereketiniň giňden ýaýbaňlandyrylmagy, sport desgalarynyň yzygiderli gurulmagy ýaly anyk işler bar.
Netijede, eziz Watanymyz halkara sport ýaryşlarynyň, dünýä çempionatlarynyň geçirilýän ýerine öwrüldi. Sport diplomatiýasy döwletimiziň daşary syýasatynyň işjeň ösdürilýän ugurlarynyň hatarynda. Halkara sport hyzmatdaşlygynda ýurdumyzyň soňky ýyllarda gazanan üstünlikleri juda guwandyryjydyr. Döwletimiziň halkara sport giňişligindäki mertebesini has-da beýgelden nobatdaky waka hem türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, döwlet Baştutanymyzyň köpýyllyk yhlasynyň miwesidir.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça ýöriteleşdirilen edarasy (ÝUNESKO) bilen hyzmatdaşlygy barha pugtalandyrylýar. Ýurdumyzyň köptaraplaýyn we milli hödürnamalary esasynda milli gymmatlyklarymyzyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna yzygiderli girizilmegi hem şeýle diýmäge esas berýär.
Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň şanly günlerinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä Ýaşlar jemgyýetiniň resmi agzalygyna kabul edilendigi, ýurdumyzyň ýüregi bolan ak şäherimiz Aşgabadyň «Dizaýn» ugry boýunça ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň toruna girizilendigi bilen baglanyşykly şatlykly habarlar ulus-ilimizde buýsanç duýgusyny döretdi.
Şeýle hem bu abraýly halkara gurama bilen hyzmatdaşlygňy çäklerinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy ÝUNESKO-nyň Bütindünýä Ýaşlar jemgyýetiniň resmi agzalygyna kabul edilendigi bellemek bolar. ÝUNESKO-nyň Bütindünýä Ýaşlar jemgyýetiniň agzalygyna Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň resmi taýdan kabul edilmegi hem hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda üstünlikli durmuşa geçirilýän döwlet ýaşlar syýasatynyň guwandyryjy we buýsandyryjy netijelere beslenýändiginiň ýene bir aýdyň mysalydyr.
Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň doly hukukly agzasy bolan pursadyndan bäri geçen 30 ýylyň dowamynda BMG-niň ýöriteleşdirilen bu düzüminiň halkara medeni hyzmatdaşlygy we gatnaşyklary ösdürmäge gönükdirilen birnäçe taslamalaryna hem-de maksatnamalaryna gatnaşmak arkaly özüni işjeň hyzmatdaş hökmünde görkezdi. Ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlygyň hukuk binýady hem yzygiderli berkidilýär. Türkmenistan birnäçe möhüm ugurlarda ÝUNESKO-nyň 12 sany Konwensiýasyny tassyklady. Ýurdumyzda ÝUNESKO-nyň aýratyn medeni, taryhy we ekologiýa ähmiýeti bolan tebigy we beýleki ýadygärlikleriň goralyp saklanmagyna hem-de wagyz edilmegine gönükdirilen «Dünýä mirasy» maksatnamasy işjeň durmuşa geçirilýär.
Ösüş-özgertmelere beslenen taryhy döwrümizde ata Watanymyzy sagdynlygyň, ruhubelentligiň, bagtyýarlygyň mekanyna öwren Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlarymyz çäksizdir.
Selbiniýaz Goçmyradowa,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.
