BILIM

Türkmenistan bilen Türkiýe ýokary bilimde maksatnamalary giňelder

Ýokary bilim geňeşi (ÝÖK) bilen Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň arasynda baglaşylan şertnamanyň çäginde Türkiýede we Türkmenistanda bilelikdäki diplom maksatnamalary açylar we bakalawr we magistratura kabul ediler.

ÝÖK edarasynyň habar bermegine görä, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkiýe Respublikasyna amala aşyran saparynyň çäklerinde ÝÖK edarasynyň başlygy Erol Özwar bilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nurmuhammet Amannepesowyň arasynda degişli ähtnama gol çekildi.

Özara düşünişmek hakyndaky ähtnama laýyklykda iki ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda akademiki we ylmy ugurlarda alyş-çalyş amala aşyrylar.

Ýokary okuw mekdepleriniň käbir maksatnamalar boýunça talyplaryň, mugallymlary we ylmy barlagçylaryň gysga döwürleýin ylmy barlag maksatnamalayrna gatnaşmagyna goldaw berler. Mundan başga-da, okuw gollanmalarynyň alyş-çalşygy, bilelikdäki seminarlar, maslahatlar we uniwersitetleriň arasynda özara saparlary guramak meýilleşdiriler.

Taraplar maksatnamalarynyň çäklerinde ýokary okuw mekdeplerine bakalawr we aspirantura derejesinde talyplary iberip we kabul edip biler. Derejeleriň we diplomlaryň ykrar edilmegi babatda degişli işler alnyp barlar.

Özara düşünişmek hakyndaky ähtnamada görkezilen ugurlarda hyzmatdaşlygyň meýilnamalaryny bilelikde işläp düzmek we bu maksatlara gönükdirilen işleri durmuşa geçirmek hem-de baha bermek maksady bilen Bilelikdäki ýokayr bilim hemişelik koniteti dörediler.

Türkmenistanly talyplaryň Türkiýede bakalawrdan öňki maksatnamalarda ilkinji we gaýragoýulmasyz tiz kömegi, bank işi we ätiýaçlandyryş, buhgalteriýa ýaly ugurlarda gyzyklanma bildirýändigi, bakalaw maksatnamasy boýunça bolsa taryh, şepagat uýaçylygy we synp mugallymçylygy ýaly ugurlaryň öňdäki orunlary eýeleýändigi bellenildi.

Magistraturada bolsa taryh, doktoranturada bolsa, halkara gatnaşyklar we taryh bölümleri has köp saýlanyp alynýar.

Gol çekilan ähtnama laýyklykda, gyzyklanma bildirilýän ugurlaryň sanynyň artdyrylmagyna garaşylýar.

Ýene-de okaň

Türkmen ýaşlarynyň Astanadaky üstünligi

Ýurdumyzyň ýaş robot tehnikaçylary Dubaýdan 12 medal bilen dolandylar

Ýurdumyzyň ýaş robot tehnikaçylary Dubaýda geçiriljek IWISE Global Final bäsleşigine gatnaşarlar

Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Harby-deňiz institutynyň ýokary hünär bilimine 2026-2027-nji okuw ýylynda okuwa kabul etmegiň tertibi

Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Ýöriteleşdirilen harby-deňiz mekdebine 2026-2027-nji okuw ýylynda okuwa kabul etmegiň tertibi

Türk ministri: 37500 türkmenistanly talyp Türkiýede bilim alýar