DÜNÝÄ

Türkiýe Respublikasy Türkmenistana täze ilçi belleýär

Türkiýe Respublikasynyň daşary işler ministri Hakan Fidan täze ilçi wezipesine bellenjek diplomatlar bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy. Bu barada Türkiýäniň “Anadolu Ajansy” resmi habarlar gullugy habar berýär.

Türkiýe Respublikasy 9 ýurda täze ilçi belleýär. Olaryň arasynda Türkmenistan hem bar. Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine Ahmet Demirok bellener.

Daşary işle rministri Hakan Fidan 9 ýurda bellenjek ilçiler bilen telefonda söhbetdeş bolup, olara täze wezipeleri barada habar berdi.

Türkiýäniň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Bratislawada ilçi boljak Erkan Örazal, Aşgabatda ilçi boljak Ahmet Demirok, Minsk şäherinde işlejek Jem Yşyk, Er-Riýada ilçi bolup gitjek Emrullah işler, Librewil şäherinde işlejek Jan Inçesu, Montewideo şäherine ilçi edilip ugradyljak Tunja Özçuhadar, Asmara şäherinde işlejek Mehmet Küçüksakally we Skopýa ilçi edilip iberiljek Fatih Ulusoý bilen telefonda gürleşip, diplomatlara täze wezipeleri hakynda maglumat berdi.

Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistana täze bellejek ilçisi Ahmet Demirok tejribeli diplomatlaryň biridir. Ol Katarda we Afrika ýurdunda ilçi bolup işledi.

Ýene-de okaň

IFT 2026: ikitaraplaýyn duşuşyklar we gol çekilen resminamalar

Türkmenistan Gruziýadaky Halkara Nowruz gününiň dabaralaryna gatnaşdy

Türkmenistan Belgiýanyň “CULeuven” uniwersitetinde tanyşdyryldy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan bilen Özbegistan awtomobil ýollaryny gurmak babatda hyzmatdaşlygyny berkidýär

Merkezi Aziýa-Koreýa Respublikasy birinji sammitine taýýarlyk görlüp başlandy

CNPC: Türkmenistan bilen gaz hyzmatdaşlygymyz dowam eder

Ata Watan Eserleri