DÜNÝÄ

Howanyň ýagdaýyna gözegçilik etmekçi

Hytaýyň howa gözegçiligi maksatnamasy ilkinji gezek 2008-nji ýylda Pekinde geçirilen Olimpiýa oýunlarynda başlandy. Onda howa şertlerini gowulandyrmak üçin dürli çäreler görüldi. Indi bolsa Hytaý, howa hadysalaryna gözegçilik etmek meýilnamasynyň çäginde, atmosferada 5,5 million inedördül kilometr meýdanda synag geçirjekdigi mälim edildi.

“Gözleg we tehnologiýa arkaly 2025-nji ýylda howany dolandyryp biljek ulgam dörederis” –diýip Hytaýyň bu baradaky beýannamasynda habar berilýär. Hytaý emeli ýagyş we gar ýagdyrmak üçin ulanyljak meýdany bäş ýylda 5,5 million inedördül kilometre barabar bolar. Onuň 580 müň inedördül kilometrlik meýdany bolsa tehnologiýa bilen gözegçilik ediler.

Bu ulgam üstünlikli durmuşa geçirilen halatynda, Pekinde we beýleki ýerlerde gurakçylygyň öňüni almak bolar. Meýilnamada tebigy betbagtçylyklara garşy göreşi güýçlendirmek maksat edinilýär.

 

Saglyk Sahypamyz

Global pandemiýa şertlerinde Saglyk ulgamyna degişli habarlar dünýäniň ähli ýerlerinde iň köp okalýan habarlaryň biridir!

Related posts

Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy Astanada geçiriler

Tokaýew Trampa gümrük paçlarynyň girizilmegi bilen baglanyşykly hat iberdi

Türkmenistan bilen Özbegistan ykdysady hyzmatdaşlygyny ösdürer

Ata Watan Eserleri