SIZDEN GELENLER

Garaşsyzlyk-bagtymyz

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 32 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasyndaky günler ata Watanymyzyň çar künjegini toý-dabaralaryň, döwletli maslahatlaryň çawy dünýä dolan ruhubelentligi bilen gurşady. Halkymyzyň bu ýyllar içinde ýeten derejesi, watandaşlarymyzyň bagtyýarlyk gujagynda ýaşaýandygy, her günümiziň uly ösüşlere beslenip, ýurdumyzyň taryhyna altyn harplar bilen ýazylýandygy Garaşsyz döwletimiziň ajaýyp keşbini beýan edýär.

Bu beýik işleriň sakasynda halkyň we döwletiň ykbalyny iň mukaddes alada saýýan hormatly Prezidentimiziň eziz halkyna bolan çäksiz söýgüsi, bimöçber yhlasy bar. Hut şonuň üçinem baş baýramymyzyň öňüsyrasynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde Türkmenistanyň Mejlisiniň Karary bilen hormatly Prezidentimize Türkmenistanyň Gahrymany diýen belent adyň dakylmagy, «Altyn Aý» altyn nyşany bilen sylaglanmagy ildeşlerimiziň köňül arzuwynyň beýany bolup, göwün guşumyzy göge göterdi, şanly toýumyzyň dabarasyny artdyrdy.

Hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki çykyşynda her bir sözlän sözi taryhda yz goýjak pursatlary döredýär: «Meniň maksadym Garaşsyzlygymyzyň we Bitaraplygymyzyň binýatlyk esaslaryny has-da kämilleşdirip, ýurdumyzy ynamly öňe alyp gitmekden ybaratdyr!»

Döwlet Baştutanymyz Halk Maslahatynyň mejlisinde eden taryhy çykyşynda ýurdumyzyň nebitgaz pudagyny ösdürmek babatda hem birnäçe oňyn başlangyçlary öňe sürdi. Döwlet Baştutanymyzyň belläp geçişi ýaly, ýangyç gorlaryna baý ýurdumyzyň nebitgaz pudagyny ösdürmek, tebigy gazy dünýä bazarlaryna diwersifikasiýa ýoly bilen ibermek, nebitgaz serişdelerini gaýtadan işläp, dünýä standartlaryna laýyk gelýän ýokary hilli önümleri öndürmek Garaşsyz döwletimiziň alyp barýan energetika strategiýasynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Häzirki döwürde Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda çig nebiti galyndysyz düýpli gaýtadan işlemäge mümkinçilik berýän täze desgalaryň gurluşygynyň alnyp barylmagy munuň ýene-de bir mysalydyr.

Aziýanyň merjen şäherine öwrülen ak mermerli paýtagtymyzyň giň köçeleridir owadan şaýollarynyň ugrundaky elektron tablolarda ýazylan şygarlar, daş-töweregine özboluşly gözellik paýlaýan baýramçylyk bezegleri, binalaryň ýüzünde şöhle bermek arkaly ýagtylandyrylýan gutlag sözleri hem Garaşsyz Watanymyza, Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň alyp barýan il-ýurt bähbitli işlerine buýsanjy artdyryp, hemmelerde ýakymly duýgulary oýarýar.

Baýramçylygyň öňüsyrasynda “Parahat — 7” ýaşaýyş toplumynda täze ýaşaýyş jaýlarynyň,  “Çoganly” ýaşaýyş toplumynda kottej görnüşli ýaşaýyş jaýlarynyň 24-siniň, Gökdepe etrabynda täze, döwrebap obalaryň ikisiniň — Nurly zaman we Köpetdagyň ýalkymy obalarynyň açylmagy, şeýle hem Arkadag şäherinde çagalar seýilgähiniň düýbüni tutulmagy ýurdumyzda halkymyzyň rowaçlygynyň möhüm ugry hökmünde welaýat, etrap merkezlerinde, şäherlerde we obalarda häzirki zaman durmuş-ykdysady düzüminiň kemala getirilmegine ägirt uly üns berilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Türkmenistanyň ähli künjeklerinde sebitleri ösdürmäge, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmaga gönükdirilen giň gerimli gurluşyk işleri alnyp barylýar.

Garaşsyzlyk — buýsanjymyz, mertebämiz. Özbaşdaklygyny gazanyp, bolelin bagtyýar ýaşaýan halkymyz indi öz milli ýol-ýörelgelerine eýe boldy. Bu babatda milli medeniýetimiz, sungatymyz ösen döwrüň köpöwüşginli röwşüne çaýylyp, kämillige, rowaçlyga, ynamly geljege şugla bolup, ýalkym saçýar. Pederlerimizi tirsegine galdyran şanly Garaşsyzlygymyza heniz 32 ýyl, taryh üçin örän gysga wagtyň içinde edilen tutumly, döwletli işler barmak basyp sanardan köp. Elbetde, bu hemmämize-de mälimdir. Keremli topragymyz tebigatyň boldan eçilen baýlyklaryna, gymmatlyklaryna, gözelliklerine örän baýdyr. Biz ata-babalarymyzyň nazary düşen, gujur-gaýraty, zähmeti, mähir-söýgüsi siňen ene topragyna, ýerasty we ýerüsti baýlyklaryna Garaşsyzlygymyzyň saýasynda eýe bolduk. Bu bolsa pederlerimiziň asyrlarboýy arzuwlap gelen berkarar döwletidir. Eziz Diýarymyzyň sanlyja ýyllaryň içinde ähli ugurlar boýunça gazanan üstünlikleri, ýeten sepgitleri dünýäni haýrana galdyrýar.

Arazberdi Berdiýew,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniñ talyby

Ýene-de okaň

Türkmen–rus gatnaşyklarynda daşary ýurt dilleriniň ähmiýeti

“Hakyda göwheri” – milli mirasymyzyň şöhratly ýoly

“Magtymguly–dünýäniň akyldary”

Saglyga sarpa – durmuşa sarpa

Saglyk – bagtyýar ýaşaýşyň gözbaşy

2025-nji ýyl – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly

Ata Watan Eserleri