JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidenti: 37 milliardlyk maýa goýum göz öňünde tutuldy

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhameow Halk Maslahatynyň mejlisindäki eden çykyşynda şu ýylyň başyndan bäri jemi içerki önümiň ösüşi 6,2% möçberde durnukly saklanýandygy belledi.

«Durnukly ykdysady ösüş biziň uzakmöhletleýin strategiýamyzyň baş maksady bolup durýar. Şoňa görä-de, ykdysadyýetimiziň ähli ugurlaryny gurşap alýan maksatnamalarymyzy hem-de özgertmelerimizi üstünlikli amala aşyrýarys» – diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Arkadagly Serdarymyzyň nygtaýşy ýaly, döwlet maýa goýum syýasatynyň netijeliligini hem-de işjeňligini has-da ýokarlandyrmak üçin zerur işleri alyp barylýar şeýle hem gaýtadan işleýän we önüm öndürýän senagat pudaklaryny çalt depginler bilen ösdürmäge gönükdirilen maýa goýumlarynyň möçberlerini yzygiderli artdyrylýar.

«Maksatnamalaýyn alnyp barlan bu işleriň netijesinde, şu ýylyň başyndan bäri jemi içerki önümiň ösüşi 6,2 % möçberde durnukly saklanýar. Bu bolsa, ýurdumyzda alnyp barylýan syýasatyň oýlanyşykly häsiýetini görkezýär» – diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Halk Maslahatynyň mejlisindäki eden çykyşynda halkara maliýe institutlary bilen hyzmatdaşlyk has-da işjeňleşdirilmelidigini nygtady.

Döwlet Baştutanymyz halkara maýa goýum mümkinçilikleri netijeli ulanylyp, milli ykdysadyýetimiziň bäsleşige ukyplylygyny ýokarlandyrmak we maýa goýumlarynyň möçberlerini artdyrmak utgaşykly hem-de toplumlaýyn esasda ýola goýulmalydygyny belledi.

«Daşary ýurt döwletleri, Halkara pul gaznasy, Bütindünýä banky, Aziýanyň Ösüş banky, Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş banky, Yslam Ösüş banky ýaly halkara maliýe institutlary bilen hyzmatdaşlyk has-da işjeňleşdirilmelidir. Bilelikde maýa goýum forumlary we işewürler maslahatlary geçirilmelidir» – diýip, döwlet Baştutany aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhameow Halk Maslahatynyň mejlisindäki eden çykyşynda şu ýyl ýurdumyzda jemi 37 milliard 400 million manat möçberde maýa goýumlaryny goýmak göz öňünde tutulýandygyny aýtdy.

«Şu ýyl önümçilik we medeni-durmuş ulgamlaryna jemi 37 milliard 400 million manat möçberde maýa goýumlaryny goýmak göz öňünde tutulýar. Bu serişdeleriň hasabyna täze önümçilik we medeni-durmuş maksatly desgalary gurýarys hem-de döwrebaplaşdyrýarys. Şäherlerimizi we obalarymyzy özgerdip, ýaşaýyş jaý toplumlaryny giň gerim bilen bina edýäris» – diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Ýene-de okaň

Ugandanyň daşary işler boýunça döwlet ministriniň Aşgabada sapary

Türkmenistanyň we Eýranyň daşary işler ministrleriniň telefon söhbetdeşligi

Türkmenistanyň daşary işler ministri Hytaýyň ilçisi bilen duşuşdy

ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçisi bilen duşuşyk barada

Gazak Liderinden türkmen halkynyň Milli Liderine hoşallyk haty

Kristofer Wizda: «Makul» sözlük – dilleri we medeniýetleri birleşdirýär

Ata Watan Eserleri