SIZDEN GELENLER

Ýollarymyz asuda, illerimiz aman bolsun!

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ak ýollary dünýä uzaýan ata Watanymyz günsaýyn ösýär, özgerýär. Arkadagly Serdarymyzyň tagallalary bilen ýurdumyzyň her bir güni halkyň abadan, asuda durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen beýik işlere beslenýär. Häzirki günlerde ýurdumyzda «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlygyň geçirilmegi şeýle işleriň biridir.

Häzirki wagtda ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen kabul edilen «Ýol hereketiniň howpsuzlygy hakynda» Türkmenistanyň Kanuny üstünlikli durmuşa geçirilýär. Her ýylyň sentýabrynda «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlyga badalga berilýär. Onuň çäklerinde Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň we beýleki degişli ministrlikleriň wekilleriniň gatnaşmagynda ýurdumyzyň ähli künjeklerinde, edaradyr kärhanalarda, bilim ojaklarynda wagyz-nesihat işleri geçirilýär hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde biraýlyga bagyşlanan makalalar yzygiderli neşir edilýär. Bu bolsa ýurdumyzda adam baradaky aladanyň döwlet syýasatynda möhüm orun eýeleýändigine aýdyň şaýatlyk edýär.

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Diýarymyzda özboluşly ulag infrastrukturasy kemala getirilýär. Muňa ýurdumyzda gurlup ulanylmaga berilýän, halkara ülňülerine kybap gelýän ajaýyp ýollar güwä geçýär. Ähli amatly mümkinçilikleri özünde jemleýän şeýle ýollarymyz ýerasty we ýerüsti geçelgeler, pyýadalar üçin ýanýodalar hem-de ýol hereketiniň belgileri bilen üpjün edilýär. Ýurdumyzda ilatyň isleglerini kanagatlandyrmak, olaryň barjak ýerlerine howpsuz we rahat ýetmekleri üçin ýokary amatlykly awtoulaglaryň ähli görnüşleri gije-gündiz halkymyzyň hyzmatyndadyr.

Hususan-da, şöhratly täze taryhymyzyň özboluşly nyşanyna öwrülen Arkadag şäheriniň ýol-ulag düzümi aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Şäheriň giň şaýollarydyr köçelerinde we çatryklarynda döwrebap yşyklandyryş, wideogözegçilik, dolandyryş ulgamlary ornaşdyryldy. Munuň özi ýol hereketiniň howpsuzlygyna we netijeliligine, sürüjileriň we ýolagçylaryň özara sazlaşykly hereketlerine ýardam berýär, şäher ýaşaýjylary üçin oňaýly ýaşaýyş-durmuş şertlerini döredýär.

Ösüp gelýän ýaş nesillerimiziň ýol hereketiniň düzgünleri boýunça düşünjelerini ösdürmekde, olara degişli kadalary öwretmekde biraýlygyň çärelerine möhüm orun degişlidir. Çünki munuň özi ýaşlaryň jemgyýete peýdaly bolmaklaryna, dünýägaraýyşlarynyň ösmegine giň mümkinçilikleri döredýär. Ýurdumyzda täze ýollary gurmak, öňden bar bolan ýollary döwrebaplaşdyrmak, giňeltmek we olaryň ugrunda döwrebap yşyklandyryş sütünlerini häzirki zaman tehnologiýalary bilen ornaşdyrmak, köp gatnawly ýerlerde pyýadalar üçin ýerasty hem-de ýerüsti geçelgeleri gurmak bilen bagly tagallalar ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmekde möhüm orun eýeleýär. Şoňa görä-de, wagyz-nesihat işlerinde bu ugurdaky işleriň ähmiýeti ýaşlara düşündirilýär.

Umuman, ýurdumyzyň bagtyýar raýatlarynyň saglygyny goramak, olaryň abadan durmuşda rahat ýaşamaklaryny üpjün etmek Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe esasy orunda durýan aladadyr. «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlygyň geçirilmegi hem şol aladadan gözbaş alýar.

Ýol hereketiniň kadalaryny berjaý etsek, ýollarymyz asuda, janymyz sag bolar. Goý, dünýäde parahatçylygy, abadan durmuşy rowaçlandyrmakda, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny ýokarlandyrmakda beýik işleri durmuşa geçirýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun!

Hajymyrat Saryýew, 

Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň

Jemagat infrastrukturasy we inženerçilik fakultetiniň 1-nji ýyl talyby. 

Ýene-de okaň

Türkmen–rus gatnaşyklarynda daşary ýurt dilleriniň ähmiýeti

“Hakyda göwheri” – milli mirasymyzyň şöhratly ýoly

“Magtymguly–dünýäniň akyldary”

Saglyga sarpa – durmuşa sarpa

Saglyk – bagtyýar ýaşaýşyň gözbaşy

2025-nji ýyl – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly

Ata Watan Eserleri