JEMGYÝET

Türkmen halkynyň Milli Lideri Hormat nyşany bilen sylaglanyldy

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Hormat nyşany bilen sylaglanyldy. Gahryman Arkadagymyza bu ýokary sylag Duşenbede geçirilen sebit ýurtlarynyň Liderleriniň bäşinji konsultatiw duşuşygynyň çäginde gowşuryldy. Ýeri gelende bellesek, hormatly Arkadagymyz şu gün Täjigistan Respublikasyna iş sapary bilen geldi. Bu barada “Türkmenistan” gazeti habar berýär. 

Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň bäşinji konsultatiw duşuşygy tamamlanandan soňra, «Kasri Millat» köşgüniň maslahatlar zalynda türkmen halkynyň Milli Liderini degişli Hormat nyşany bilen sylaglamak dabarasy boldy.

Dabaranyň dowamynda Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon şu gün sebitiň Liderleri tarapyndan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Hormat nyşany bilen sylaglamak hakynda biragyzdan çözgüdiň kabul edilendigi barada habar berdi.

Milli Liderimiz bu nyşana Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda dostlugy, hoşniýetli goňşuçylygy, özara düşünişmegi we hyzmatdaşlygy ösdürmekde, sebitde parahatçylygy, howpsuzlygy pugtalandyrmakda, halkara bileleşikde sebit döwletleriniň bilelikdäki bähbitlerinidir başlangyçlaryny ilerletmekde bitiren hyzmatlary üçin mynasyp boldy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri öz işine berlen şeýle ýokary baha üçin sebit ýurtlarynyň Liderlerine çuňňur hoşallygyny bildirip, bu sylagy, ilkinji nobatda, ähli türkmen halkyna hormatyň nyşany hökmünde kabul edýändigini belledi.

Ýene-de okaň

«Galkynyş» toparynyň Balkan topragyndaky çykyşlary

Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygyny gutlady

Türkmenistanyň Prezidentine Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň sylagy gowşuryldy

Türkmen halkynyň Milli Lideri ABŞ-a sapar bilen ugrady

Tailandyň Patyşasy Türkmenistana sapar bilen gelmäge isleg bildirýär

Türkmenistanda täze milli howpsuzlyk ministri wezipä bellendi