JEMGYÝET

Türkmenistan bilen Türkiýe täze ylalaşyklara gol çekişdi

Şu gün paýtagtymyz Aşgabatda ýokary derejede türkmen-türk gepleşikleri geçirildi. Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan döwlet sapary bilen geldi.

Paýtagtymyz Aşgabatda “Oguzhan” köşkler toplumynda Türkmenistanyň we Türkiýäniň Prezidentleriniň gepleşikleri geçirildi. Bu barada Türkiýäniň Prezidentiniň metbugat gullugy habar berýär.

Gepleşikleriň jemleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalaryň birnäçesine gol çekildi. Türkmenistanyň we Türkiýäniň Prezidenti bilelikdäki beýannama gol çekdi. Şeýle hem iki ýurduň hökümet wekiliýetiniň wekilleri birnäçe ylalaşyklara gol çekdiler.

Gol çekilen resminamalar şeýle:

1-Türkmenistanyň  Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti bilen Türkiýäniň Radio we telewideniýe edarasynyň (TRT) arasynda hyzmatdaşlyk etmek baradaky ähtnama:

2. Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi bilen Türkiýäniň Radio we telewideniýe edarasynyň (TRT) arasynda hyzmatdaşlyk etmek baradaky ähtnama:

3. Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi bilen Türkiýäniň “Anadolu Ajansı” habarlar gullugynyň arasynda hyzmatdaşlyk ylalaşygy:

4. Türkmenistanyň Hökümeti bilen Türkiýe Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda saglyk we lukmançylyk ylymlary ulgamlarynda hyzmatdaşletk etmek baradaky ylalaşyk:

5. Türkmenistanyň «Türkmen atlary» döwlet birleşigi bilen Türkiýe Respublikasynyň Oba hojalyk we tokaý ministrliginiň arasynda atçylyk pudagynda hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky ähtnama:

6. Türkmenistanyň Merkezi banky bilen Türkiýe Respublikasynyň Merkezi bankynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky ähtnama:

7. Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Türkiýe Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň arasynda protokol işleri babatda hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky ähtnama gol çekildi.

 

Türkmenistan-Türkiýe: söwda dolanyşygy 5 milliard dollara ýetiriler

Ýene-de okaň

Türkmenistan-Özbegistan Ýokary Geňeşini döretmek meýilleşdirilýär

Türkmen halkynyň Milli Lideri Özbegistanyň Prezidentini doglan güni bilen gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistanyň Prezidentini doglan güni bilen gutlady

Türkmenistanyň ilçisi Maldiw Respublikasynyň Prezidentine ynanç hatyny gowşurdy

Türkmenistan BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň hemişelik däl agzalygyna dalaşgärligini hödürledi

Türkmenistanyň Prezidenti Müsür Arap Respublikasynyň Prezidentini gutlady