DÜNÝÄ

Pakistanyň Prezidenti sammit üçin Aşgabada geldi

Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Arif Alwi Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 15-nji sammitine gatnaşmak üçin paýtagtymyz Aşgabada geldi.

Belent mertebeli myhmany Aşgabadyň halkara howa menzilinde ýokary wezipeli ýolbaşçylar garşylady. Myhman türkmen myhmansöýerligi bilen garşy alyndy.

Arif Alwi kdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 15-nji sammitinde çykyş eder. Şeýle hem ol sammitiň çäklerinde birnäçe ikiçäk duşuşyklar geçirer.

Türkmenistanyň Prezidentiniň başlyklyk etmeginde geçiriljek sammitde gurama gatnaşyjy döwletleriň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklar, şol sanda YHG-nyň Geljeginiň 2025: Ösüş we baha bermek atly Ortamöhletli synyna seretmek ýaly meseleler pikir alşylar.

 

Türkmenistan bilen Türkiýe täze ylalaşyklara gol çekişdi

Related posts

Koreýa Respublikasy Türkmenistana minnetdarlyk bildirdi

Ýewropanyň iň owadan şäherçeleri

Özbegistanda ilaty 1 million bolan täze şäher gurlar