Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi baş direktory M. Çakyýewe awiagatnawlaryň ugurlaryny we sanyny köpeltmek boýunça täze teklipleri taýýarlamagy tabşyrdy.
“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, Türkmenistanyň awiagatnawlaryň ugurlaryny we sanyny köpeltmek boýunça täze teklipleri taýýarlamak, awiapetekleri sanly ulgam arkaly satyn almak üçin şertleri gowulandyrmak babatda tabşyryklar berdi.
Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidenti awtoulag, deňiz we demirýol arkaly ýükleri daşamaga ýüz tutmalary sanly ulgam arkaly kabul etmek üçin zerur işleri geçirmek, şeýle hem Türkmenbaşy halkara deňiz portuny doly kuwwatynda ulanmak boýunça görülýän çäreleri güýçlendirmegiň wajypdygyny belledi.
Häzirki wagtda “Türkmenistan” awiakompaniýasy Stambul, Deli, Kazan, Pekin, Dubaý, Frankfurt, London şäherlerinde yzygiderli gatnawlary amala aşyrýar.
