Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ýaponiýanyň Sukuba uniwersitetiniň prezidenti Kýosuke Nagatany kabul etdi.
Myhman duşuşygyň başynda Ýaponiýanyň Imperatorynyň we Premýer-ministriniň mähirli salamyny hem-de ýapon tarapynyň Türkmenistan bilen däp bolan hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly gyzyklanma bildirýändigi baradaky sözlerini ýetirdi.
Duşuşyklarda däp bolan türkmen-ýapon hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmagyň geljekki ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.
Nygtalyşy ýaly, däp bolan döwletara gatnaşyklar mundan beýläk hem köpýyllyk dostluga, ynanyşmaga we özara düşünişmäge esaslanar. Ýaponiýa bilen köpugurly, uzak möhletli strategik hyzmatdaşlygy berkitmek Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolmagynda galýar.
Ylym we bilim ulgamynda däp bolan türkmen-ýapon gatnaşyklaryny pugtalandyrmak üçin açylýan giň mümkinçilikler ara alyp maslahatlaşmalaryň esasy meseleleriniň biri boldy.
Sukuba uniwersiteti bilen Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň hem-de Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň arasynda alnyp barylýan hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýetini kanagatlanma bilen belläp, döwrebap bilimli, sazlaşykly ösen we innowasion tehnologiýalardan baş çykarýan ýaş nesli kemala getirmekde wajyp bolan bu hyzmatdaşlygyň geljekde-de ösdüriljekdigine ynam bildirdi.
