JEMGYÝET

ÝÇL-de iň ýaş tälimçi

Germaniýanyň «RB Leýpsig» futbol klubynyň baş tälimçisi Ýulian Nagelsman Ýewropanyň Çempionlar ligasynyň toparçalaýyn tapgyrynda üstünlikli çykyş edip, ýaryşy dowam etdirmäge hukuk gazanan iň ýaş tälimçi hökmünde taryha girdi.

Topary bilen Ýewropanyň birinji derejeli klublaýyn ýaryşynyň pleý-off tapgyryna çykan tälimçi bu hukuga eýe bolanda 32 ýaşdan ýaňy 4 aý 4 gün geçipdi.

«RB Leýpsig» Russiýanyň «Zenit», Fransiýanyň «Lion», Portugaliýanyň «Benfika» toparlarynyň hem wekilçilik edýän toparçasynda 5-nji tapgyrdan soňra ýaryşy pleý-offlarda dowam etdirmäge hukuk gazandy. Nagelsmanyň topary 5-nji tapgyrda «Benfika» bilen öz meýdanynda 2:2 hasabyndaky deňlik bilen oýnady. Toparda 5 oýundan soňra 10 utuk bar. «RB Leýpsigiň» iň ýakyn bäsdeşleri «Zenit» bilen «Lion» 7 utukda.

Related posts

“Türkmendeňizderýaýollary” agentligine täze ýolbaşçy bellendi

Rus Dışişleri Bakanı’ndan Orta Asya turu

vepa

Türkmen Lider’den Türkiye ve Japonya’ya taziye

vepa