SPORT

Salah hem Saud Arabystana gitmekçimi?

Angliýanyň “Liwerpul” toparynyň düzüminde çykyş edýän müsürli futbolçy Mohamed Salah bilen hem saud toparlary gyzyklanýar. Hususan-da, Saud Arabystanynyň “Al-Ittihad” toparynyň gepleşiklere başlandygy aýdylýar.

Käbir metbugat neşirlerindäki habara görä, müsürli tejribeli futbolçy üçin iki möwsüm üçin 180 million ýewro teklip edildi. Şeýle hem “Liwerpul” toparyna bu futbolçy üçin 60 million funt-sterling hödürlendi.

Salah 2022-2023-nji möwsümde 38 duşuşykda oýnap, 19 gol geçirdi.

Ýene-de okaň

Oweçkin 1000 gol sepgidine ýetdi

Özbek futbolçy “Mançester Siti” topary bilen ilkinji kubogyny gazandy

Türkmenistan Tailandyň ýygyndysy bilen geçiriljek duşuşyga taýýarlyk görýär

Messi karýerasyndaky 900-nji goluny geçirdi

Türkmenistanyň futbol çempionaty – 2026: möwsümiň öňüsyrasy toparlar düzümlerini güýçlendirdiler

Türkmen küştçüleri Buharada üstünlikli çykyş etdiler