DÜNÝÄ

Türkmenistanyň wekiliýeti HHR-na iş saparyny amala aşyrdy

22-31-nji iýul aralygynda Türkmenistanyň Magtymguly ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň Başlygynyň orunbasary D.Durdymuhammedowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Bütin Hytaý ýaşlar federasiýasynyň çakylygy we Türkmenistanyň Prezidentiniň goldawy bilen Hytaýa on günlük iş saparyny amala aşyrdy. Bu saparyň maksady Hytaýyň prezidenti Si Szinpiniň tarapyndan öňe sürlen “Bir guşak, bir ýol” başlangyjynyň çäklerinde gurnalan Hytaý we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda ýaş liderler üçin “Geljege köpri 2023” atly okuw we alyş-çalyş lagerine gatnaşmakdan ybarat boldy .

Iş saparynyň dowamynda türkmen wekiliýeti “Hytaý-Merkezi Aziýa” Ýaşlar dialogyna we “Gözel oba” atly halkara forumyna gatnaşdy, şeýle hem Hytaýyň ady belli ýerlerine gezelençler guraldy. Gatnaşanlaryň arasynda Gazagystan, Gyrgyzystan, Täjigistan we Özbegistan ýaly respublikalaryň wekiliýetleri hem bar.

10 günüň içinde Hytaý we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda ýaş liderler üçin okuw we alyş-çalyş lagerine gatnaşyjylar Hytaýyň Urumçi şäherine, Lunnan obasyna we Lançžou şäherine baryp gördüler. Hytaý we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýaşlar syýasaty, oba hojalyk we medeniýet pudaklarynyň wekilleriniň arasynda köptaraplaýyn duşuşyklar geçirildi, şeýle hem 3 şäherçäniň muzeýlerine we gözel ýerlerine gyzykly gezelençler we Hytaýyň dürli pudaklarynyň gazananlarynyň sergileri guraldy.

Köptaraplaýyn duşuşyklarda Hytaýyň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýaşlar syýasaty, oba hojalygy we medeniýeti boýunça hyzmatdaşlygy giňeltmek barada ylalaşyklar gazanyldy, “Geljege köpri 2023” lageriniň çäginde bolup geçen çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesi nygtaldy we bu wakanyň Hytaý bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda özara peýdaly gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge we pugtalandyrmaga güýçli itergi berjekdigine ynam bildirildi.

Ýene-de okaň

IFT 2026: ikitaraplaýyn duşuşyklar we gol çekilen resminamalar

Türkmenistan Gruziýadaky Halkara Nowruz gününiň dabaralaryna gatnaşdy

Türkmenistan Belgiýanyň “CULeuven” uniwersitetinde tanyşdyryldy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan bilen Özbegistan awtomobil ýollaryny gurmak babatda hyzmatdaşlygyny berkidýär

Merkezi Aziýa-Koreýa Respublikasy birinji sammitine taýýarlyk görlüp başlandy

CNPC: Türkmenistan bilen gaz hyzmatdaşlygymyz dowam eder

Ata Watan Eserleri