DÜNÝÄ

Türkmenistanyň wekiliýeti Belarusyň teleýaýlym we radio kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşdy

GDA-nyň agza ýurtlarynyň teleradiokompaniýalarynyň ýolbaşçylarynyň Belarus Respublikasynyň Minsk şäherindäki duşuşygyna gatnaşýan Türkmenistanyň wekiliýeti Türkmenistanyň Belarus Respublikasyndaky ilçihanasynda ýörite duşuşyklary guradylar. Duşyşygyň barşynda ikitaraplaýyn gatnaşygy mundan beýläk-de ösdürmek boýunça özara pikir alyşyldy.

Belarus Respublikasynyň teleradioýaýlymlarynyň Türkmenistanda bolup geçýän täzelikleri öz habar beriş serişdelerinde giňden ýaýbaňlandyrmagyna ýokary baha berildi. Şonuň netijesinde hem hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça özara pikir alşyldy.

Duşuşygyň barşynda iki ýurduň baştutanlarynyň ýolbaşçylygynda türkmen-belarus gatnaşyklarynyň gülläp ösýändigini bellenildi. Belarus topragynda geçirilýän duşuşyklar teleradioýaýlymlaryň arasyndaky, ýagny, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ulgamyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly mümkinçilikleri döretjekdigine kepil geçýär.

Şeýle-de duşuşyklara gatnaşýan myhmanlar ýurdumyzyň garaşsyzlygynyň giňden bellenilýän günlerinde geçiriljek media foruma gatnaşmaga hem çagyryldy. 2016-njy ýylda Belarus teleradiokompaniýasynyň we Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň arasynda Ähtnama gol çekildi we bu hyzmatdaşlyk şol döwürden bäri saklanylylýar.

Duşuşyga Türkmenistanyň Belarus Respublikasyndaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Nazar Şagulyýew hem gatnaşdy.

Ýene-de okaň

Özbegistan Merkezi Aziýanyň bitewi syýahatçylyk halkasyny döretmegi teklip etdi

Türkmenistanyň ilçisi ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň kömekçisi bilen duşuşdy

Türkmenistanyň ilçisi Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşdy

TÜRKSOÝ-yň Baş sekretary Döwlet kitaphanasynda myhmançylykda boldy

Türkmenistan bilen Pakistan uçar gatnawlaryny ýola goýmagy maslahatlaşdy

Türkmenistanyň daşary işler ministri TÜRKSOÝ-nyň Baş sekretary bilen duşuşdy