DÜNÝÄ

«C5+1»: ösüş boýunça ministrler duşuşygy geçiriler

ABŞ-nyň Halkara ösüş boýunça agentliginiň (USAID) ýolbaşçysy Samanta Pauer 23-24-nji oktýabrda Özbegistanda saparda bolar. Bu barada USAID-iň metbugat gullugy habar berýär.

Ol bu saparynyň çäklerinde ilkinji gezek geçiriljek «C5+1» (ABŞ + Merkezi Aziýanyň döwletleri) formatynda sebit hyzmatdaşlygy boýunça ministrler duşuşygyna gatnaşar.

ABŞ-nyň agentligi 2015-nji ýyldan bäri hereket edýän «C5+1» formatyndaky dialogyň ABŞ-nyň hökümeit bilen Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň hökümetleriniň arasyndaky esasy diplomatik meýdança bolup hyzmat edýändigini belledi.

USAID ösüş boýunça ministrler duşuşygynyň bu meýdançanyň işini has-da ösdürjekdigini belledi. Duşuşykda Merkezi Aziýda durnukly ykdysady ösüş bilen baglylykda, sebit özara baglanyşygy, söwda, ykdysady ösüş we telekeçilik, energetika çözgütleri, howanyň üýtgemegine garşy göreşmek, ýaşlar üçin mümkinçilikler ýaly ugurlarda gatnaşyklar maslahatlaşylar.

Related posts

Marko Rubio: ABŞ-nyň Prezidenti Özbegistana sapar etmek isleýär

Ankarada Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününe bagyşlanan dabara geçirildi

Türkmenistan Bakanlar Kurulu Toplandı

vepa