BIZNES

Özbegistanda sogan önümçiliginde rekord

Özbegistanyň Jizak oblastynyň daýhany bir gektardan 150 tonna sogan hasyly almagy başardy. Şeýlelikde, ol bu oba hojalyk ekininiň hasyllylygy boýunça rekord goýdy.

Özbegistanyň Oba hojalygy ministrliginiň habar bermegine görä, häzirki wagtda dünýäde 4,5 million gektarda 92,1 million tonna sogan öndürilýär. Şunuň bilen baglylykda, bir gektaryň hasyllygy 19,3 tonna deňdir. Sogan önümçiliginde Hytaý, Hindistan, ABŞ we Eýran öňdebaryjy ýurtlardyr.

Özbegistanda hem daýhanlar täze ýokary hasylly soganyň sortlaryny ekip, ýokayr hasyl almagyň hötdesinden gelýärler. Şeýle hem oba hojalygynda tohumlary ýetişdirmegiň tehnologiýasy kämilleşdirilip, damjalaýyn suwarmak tehnologiýasyndan işjeň peýdalanýarlar.

Jizak oblasytynyň Zaamin etrabynyň Çorwador obasynyň daýhan hojalygynyň ýolbaşçysy Bahtiýor Mirzaýewiň bir gektardan 150 tonna sogan hasylyny alyp, rekord goýandygy bellenildi. Bu barada Özbegistanyň Oba hojalyk ministrligi habar berdi.

Özbek daýhany bu gazanylan üstünlik bilen çäklenmän, geljek ýyl alymlar bilen bilelikde bir gektardan 160 tonna sogan hasylyny almak isleýändigini belledi. Ol geljek 3 ýylda bir gektaryň hasyllylygyny 200 tonna çykarmagy meýilleşdirýändigini aýtdy.

Ýene-de okaň

24-25-nji maýda «Ak şäherim Aşgabat» atly köpugurly sergi we maslahat geçiriler

Türkmenistan «Green EXPO 2027» halkara bagbançylyk sergisine gatnaşar

Türkmenistanyň işewürler toparynyň Beýik Britaniýa saparynyň birinji güni

Ata Watan Eserleri

Azerbaýjanyň kompaniýalary “Agro Pack Turkmenistan-2026” halkara sergisine gatnaşdylar

«Türkmennebit» we «Petronas» täze maýa goýum taslamalary boýunça Teswirnama gol çekdiler

Aşgabatda Türkmenistan bilen “Petronas” kompaniýasynyň hyzmatdaşlygynyň 30 ýyllygy bellenildi