BIZNES

Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň hususy pudagynyň arasynda hyzmatdaşlyk ösdüriler

Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň hususy pudagynyň arasynda hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmak meýilleşdirilýär. Bu ugurdaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna degişli meseleler Türkmenistanyň Azerbaýjandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Gurbanmämmet Elýasow bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Kiçi we orta işewürligi ösdürmek agentliginiň ýolbaşçysy Orhan Mammedowyň arasynda geçirilen gepleşiklerde maslahatlaşyldy. Bu barada agentligiň resmi saýtynda bellenilip geçilýär.

Duşuşykda iki ýurduň hususy pudagynyň wekilleriniň arasynda bar bolan gatnaşyklary we hyzmatdaşlygy giňeltmegiň hem-de özara gatnaşyklaryň geljegi barada pikir alşyldy.

Soňky ýyllarda Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasyndaky söwda dolanyşygy ep-esli ýokarlandy. Azerbaýjanyň Kiçi we orta telekeçiligi ösdürmek boýunça agentligi 2017-nji ýylda döredilip, ýurduň kiçi we orta telekeçiligini ösdürmek ugrunda iş alyp barýar.

Türkiýe, Russiýa, Saud Arabystany, Italiýa, Angliýa, ABŞ, Koreýa, Şweýsariýa, Ysraýyl, Polşa, Birleşen Arap Emirlikleri, Gazagystan, Wengriýa, Özbegistan ýaly döwletler bilen hyzmatdaşlyk saklaýan Azerbaýjan Respublikasynyň Kiçi we orta işewürligi ösdürmek agentliginiň arasynda Özara düşünişmek hakynda Ähtnam

Ýene-de okaň

Aşgabat-Daşoguz awtomobil ýolunyň durky täzelener

Türkmenistandan üstaşyr geçirilen ýükleriň möçberi 7 mln. tonnadan geçdi

Türkmenistan 2025-nji ýylda azyk önümleriniň eksportyny artdyrdy

“Aýdyň Gijeler” önümlerini Afrikadan soňra Arap ýurtlaryna hödürleýär

Türkmen-kuweýt işewürlik hyzmatdaşlygy ara alnyp maslahatlaşyldy

Bangkokda türkmen-tailand hyzmatdaşlygynyň mümkinçilikleri maslahatlaşyldy