JEMGYÝET

Hökümetara türkmen-türk toparynyň türk böleginiň ýolbaşçysy tassyklandy

Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek babatda hökümetara türkmen-türk toparyna uly orun degişlidir. Şonuň üçin hem iki ýurt bu toparyň öz ýurduna wekilçilik edýän düzümini tassyklaýar.

Türkiýe Respublikasynda hem hökümetara türkmen-türk topary türk böleginiň ýolbaşçysy tassyklandy. Ol Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň orunbasary Jewdet Ýylmaz boldy.

Türkiýe Respublikasy käbir döwletleri bilen gol çekilen şertnamalar hem-de ylalaşyklar esasynda ikitaraplaýyn söwda we ykdysady meseleleri ýokary derejede ara alyp maslahatlaşmak üçin hökümetara toparynyň mejlislerine ýolbaşçylyk etjek ýolbaşçylary tassyklady. Bu barada Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň kararnamasy ýurduň resmi gazetinde çap edildi.

Şoňa laýyklykda, Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň orunbasary Jewdet Ýylmaz Türkmenistan bilen bir hatarda Azerbaýjan, Gazagystan, Gyrgyzystan, Özbegistan, Portugaliýa we Rumyniýa ýaly döwletleriň hökümetara toparynyň türk böleginiň ýolbaşçysy boldy.

Mälim bolşy ýaly, 2022-nji ýylyň iýunynda Türkmenistanyň Prezidenti hem Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň türkmen böleginiň düzümi tassyklamak hakyndaky resminama gol çekipdi.

Jewdet Ýylmaz Türkiýäniň ösüş ministri wezipesinde işlän döwründe köp gezek Türkmenistanda saparda boldy we ýurdumyzda geçirilen köp snaly iri halkara maslahatlaryna gatnaşdy.

 

Related posts

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Hytaý Halk Respublikasyna iş sapary başlandy

Ata Watan Eserleri

Germaniýada sürüjisiz uçýan taksi

vepa

Türkmenistanda uruş weteranlaryna sowgatlar gowşurylýar

Leave a Comment