JEMGYÝET

Lebap welaýatynda şaly oragyna girişildi

Lebap welaýatynyň ekerançylary şaly oragyna guramaçylykly girişdiler ― diýip, «Türkmenistan» gazeti habar berýär.

Olar şu ýyl 10 müň 200 gektara ekilen şalydan 47,5 müň tonna hasyl almagy maksat ediýärler. Munuň üçin olar kemsiz bişip ýetişen hasyly ýitgisiz ýygnamaga kuwwatly we kämil kombaýnlaryň 70-e golaýyny gönükdirdiler. Tejribeli mehanizatorlaryň erk edýän bu kombaýnlary şu günler bökdençsiz işledilýär we her günde 500 — 600 gektar ýerde şalynyň bitginli hasyly ýygnalýar.

Çärjew, Halaç, Kerki we Köýtendag etraplarynda bu işiň depgini has-da ýokary. Indi köp ýyllardan bäri şaly ösdürip ýetişdirmek bilen meşgullanýan tejribeli şalyçylaryň gazanýan netijeleri bolsa köpler üçin nusga alarlyk.  Ýeri gelende aýtsak, welaýatyň ähli etraplarynda şaly ekilýär.

 

Dünýä Sahypamyz

Dünýäde bolup geçýän wakalardan habarly bolmak-bu döwrüň talaby!

Ýene-de okaň

Ispaniýa ýarym finalda Fransiýa bilen duşuşar

Türkmenistanda ýolbaşçylar 1-nji awgustdan dynç alşy çykarlar

Dalaşgär-2026: dalaşgärler üçin saglyk öýleri

Dalaşgär-2026: Giriş synaglary üçin zerur bolan resminamalar

Türkmenistanda 2026-2027-nji okuw ýyly üçin okuwa kabul ediş möwsümi başlaýar

Balkan we Mary welaýatlaryna täze häkimler bellendi