“Ýüpek ýoly” rallisi her ýyl geçirilýän meşhur awtosport ýaryşlarynyň biridir. Ýewraziýa yklymyndan geçirilýändigi üçin ýaryşyň ady sebit bilen baglanyşyklydyr. Ol 2009-njy ýylda döredilen sport başlangyjydyr. Bu döwürde diňe bir Russiýa Federasiýasynyň sebitleri däl eýsem, Ýewraziýa ýurtlaryny hem birleşdirdi.
Ýewraziýanyň iri ýaryşy şu ýylyň 5-nji iýulynda badalga alýar. Umumy uzynlygy 5228 kilometre barabar bolan bu ýaryşda geçen ýyl çempion bolan Türkmenistanyň ralliçi türgenleri hem gatnaşar. Bu barada ýaryşyň resmi saýtynda bellenilip geçilýär. Hususan-da, geçen ýyl “T2” kategoriýasynda çempion bolmagy başaran Merdan Toýlyýewiň esasy bäsdeşleri Russiýanyň çempiony Anton Melnikow we “Lada Sport Rosneft Raid” toparynyň türgenler Dmitriý Woronow we Ýewgeniý Suhowenko bolar.
Bu gezekki ýaryş Russiýanyň 13 sebitini birleşdýär: Tatarystan Respublikasy, Başkortostan Respublikasy, Çelýabinsk oblasty, Orenburg oblasty, Samara oblasty, Saratow oblasty, Wolgograd oblasty, Woronež oblasty, Tambow oblasty, Lipes oblasty, Tula oblasty, Moskwa oblasty we Moskwa şäheri.
Bu ralli ýaryşy 6-njy iýulda Kazan şäherinden badalga alar we 15-nji iýulda Moskwa şäherinde tamamlanar.
Bu ralli ýaryşynyň ilkinjisi 2009-njy ýylda Russiýa-Gazagystan-Türkmenistan ugry boýunça geçirilipdi. 4,35 müň kilometr aralyga uzap gidýän ýaryş Tatarystanyň Kazan şäherinde başlap, Türkmenistanyň paýtagty Aşgabatda tamamlanypdy. Oňa 25 döwletden türgenler gatnaşypdy.
