SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Türkiýe bilen welosiped arkaly tanyşmak

Welosiped bilen Türkiyäniñ jadylaýjy täsirini başdan geçirmäge taýynmy? Ortaýer deňzinden Egä çenli uzanýan ýolda al-ýaşyla bürenen tebigat bilen sazlaşýan ajaýyp aýlaglaryñ üstünden geçip, gadymy siwilizasiýalaryň yzlaryny görmek we mawy arassa suwlarda ýüzmek ýaly mümkinçiliklere eýe bolup bilersiñiz. Şeýle syýahatyñyzyñ ýakymly geçmegi üçin türk aşhanasynyň lezzetli tagamlaryndan dadyp görmegi ýatdan çykarmaň. Mälim bolşy ýaly, Türkiýe welosiped syýahatçylygyny we durnukly syýahatçylygy ösdürmek maksadyndan ugur alyp, “Welosipedliler üçin amatly ýaşaýyş desgalar” şahadatnamasy atly taslamany durmuşa geçirýär. Agzalan şadatnama welosipedler üçin ygtybarly awtoulag duralgasyny üpjün edýän, ýerli welosiped ugurlar barada maglumat bilýän işgärleri işledýän, şeýle hem welosiped bejeriş-timarlaýjy meýdançalary bolan myhmanhanalara we beýleki ýaşaýyş desgalara berilýär.

EuroVelo – taryhyñ we tebigatyñ sazlaşygy

Tükiýe, EuroVelo (European Cycling Routes Network) ýewropa yklymyny birleşdirýän we 17 sany welosiped ugruny bir ýere jemleýän halkara welosiped çäresine Izmir, Edirne we Kyrklareli şäherleri bilen gatnaşýar.

Turkaegean

Izmir bilen EuroVelo-8 ugruny öz içine alýan “Turkaegean” – Efes we Pergam ýaly ÝUNESKO-nyň Bütindünýä medeni mirasynyň sanawyna girizilen gadymy şäherlerden, şeýle hem owadan aýlaglary bolan Foça, Seferihisar we Ýenipazar ýaly “Cittaslow” şäherlerinden ybarat bolup durýar.

Turkish Riviera

Türk Riwiera tarap ýola düşeñizde bolsa ajaýyp Toros daglaryna we Ortaýer deňziniň kenaryndaky tokaýlarda gizlenen gadymy şäherlere duş gelip bilersiñiz. Düşlejek wagtyñyz çadyr düşelgeleri, “bungalow” jaýlary ýa-da amatly myhmanhanalara baryp bilersiñiz.

Kapadokiýa: Erteki deý ýolagçylyk

Ertekilerdäki ýaly jadyly diýarlaryñ biri bolan Kapadokiýa welosipedli ýöriş üçin örän gowy ugurlaryñ biridir. Welosipedli syýahatyñyzda gadymy buthanalara, ýerasty şäherlere we täsin tebigy gowaklara duş gelip bilersiñiz. Bu gowak myhmanhanalarynyň birinde galmak mümkinçiligini elden gidirmäň!

 

 

Ýene-de okaň

Türkiyäniň syýahatçylyk pudagy rekord görkezijilere eýe bolýar

Ata Watan Eserleri

«Belawiýa» Türkmenbaşy bilen Minskiň arasyndaky uçuşlaryň sanyny köpeldýär

Müsür gyzzyrmadan azat ýurt boldy

Mardiniň ajaýyp aşhanasyna we baý taryhyna syýahat

Türkmenanatda glisirrizin turşusyny öndürýän kärhana açyldy

“Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly ylmy-ensiklopedik kitabyň nobatdaky jildiniň tanyşdyrylyş dabarasy