MEDENIÝET

Ahalteke bedewleriniň halkara gözellik bäsleşiginiň ikinji tapgyry

Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli, Aşgabat atçylyk sport toplumynyň açyk manežinde däbe öwrülen «Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi» atly ahalteke bedewleriniň halkara gözellik bäsleşiginiň ikinji tapgyry boldy. Oňa bäsleşigiň birinji tapgyrynda 45 bedewiň arasyndan saýlanan bedewleriň 20-si gatnaşdyryldy.

Atlar iki tapgyrda çykyş etdiler. Birinji tapgyrda olar asyl durkunda gözellik meýdançasyna çykyp, özleriniň owadan syratyny görkezdiler. Ikinji tapgyrda bolsa altyn-kümüş şaý-seplere, at esbaplarydyr bezeglerine beslenip, meýdança geldiler.

Ilkinji bolup gözellik meýdançasyna Gadymy atly mele at çykdy. Ondan soň Bagyr, Kerwenbaşy, Gezerli, Goşasakar, Meleguş, Paýhas, Genjimbeg, Meleguş, Gaçgyn, Penakär, Arçman, Gylykly ýaly atlar görkezildi. Ýeri gelende bellesek, olar ady belli Gyrsakaryň, Fakirpälwanyň, Gaplaňyň, Gelşikliniň, Pereňiň, Eýeberdi Telekäniň, Arabyň, Posmanyň ugrundan bolan biri-birinden gözel, syn-sypatly atlardyr.

Saýlanan bedewleriň 20 bedewiň arasynda 10-sy final tapgyryna saýlanyp alyndy. Ahalteke bedewleriniň halkara gözellik bäsleşigi 30-njy aprelde geçiriler.

Related posts

Hytaý kompaniýasy horlanýan işgärlere goşmaça töleg eder

­­­Ýurdumyzyň teatrlarynyň hepdelik repertuarlary:17-19-njy fewral aralygy

Daşkentde Merkezi Aziýanyň we Azerbaýjanyň kino günleri geçirilýär

Leave a Comment