JEMGYÝET

Günorta Koreýanyň kompaniýalary Arkadag şäherine gyzyklanma bildirýär

Paýtagtymyzda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Koreý-türkmen parlamentara dostluk toparynyň ýolbaşçysy Li Dal Gonuň ýolbaşçylygynda ýurdumyza sapar bilen gelen Koreýa Respublikasynyň parlament wekiliýeti bilen duşuşygy boldy.

Koreýa Respublikasynyň wekiliýetiniň ýolbaşçysy türkmen topragynda bildirilen myhmansöýerlik üçin hoşallygyny beýan edip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna käbesi Ogulabat Berdimuhamedowanyň aradan çykmagy zerarly çuňňur gynanjyny beýan etdi. Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň Başlygy Kim Jin-Pýo hem özüniň gynanç hatyny iberdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri duýgudaşlyk sözleri üçin minnetdarlyk bildirip, Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň Başlygyna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri täze Arkadag şäheriniň gurlandygy barada aýdyp, onuň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda amala aşyryljak önümçilik we beýleki maksatly binalaryň taslamalaryny durmuşa geçirmäge koreýaly işewürleriň gatnaşmak mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmagyň wajypdygyny belledi.

Öz gezeginde, Koreý-türkmen parlamentara dostluk toparynyň ýolbaşçysy Li Dal Gonuň belleýşi ýaly, Türkmenistan tebigy gazyň ägirt uly gorlaryna eýedir. Şunuň bilen baglylykda, Koreýa Respublikasynyň kompaniýalary bu pudakda taslamalaryň durmuşa geçirilmegine gatnaşmaga uly gyzyklanma bildirýärler. Şeýle-de häzirki zamanyň ajaýyp şäheri bolan Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynda bina ediljek desgalaryň gurluşygyna gatnaşmak meseleleriniň özüne çekijiligi barada aýdyldy.

Türkmen paýtagtynyň gözelliginiň özünde uly täsir galdyrandygyny belläp, myhman şäheriň binagärlik aýratynlygynyň özboluşlylygynyň hem-de sazlaşygynyň ýokary derejä eýedigini nygtady.

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowanyň Koreý-türkmen parlamentara dostluk toparynyň ýolbaşçysy Li Dal Gon bilen duşuşygy boldy. Onda parlamentara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şeýle hem Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ýangyç-energetika toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň Koreý-türkmen parlamentara dostluk toparynyň ýolbaşçysy Li Dal Gonuň ýolbaşçylygyndaky Koreýa Respublikasynyň wekiliýeti bilen duşuşygy boldy. Onuň dowamynda Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumyna öňdebaryjy tejribäni hem-de ýokary tehnologiýalary, häzirki zamanyň ylmy-tehniki işläp taýýarlamalaryny ornaşdyrmak, iri daşary ýurt kompaniýalary, şol sanda koreý işewür toparlary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlyk meselelerine aýratyn üns berildi.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň tebigy gazyny Ýewropa ibermegiň ugurlary maslahatlaşyldy

Ata Watan Eserleri

“Galkynyş” gaz käninde tebigy gazyň täze akymy alnyp başlandy

ITTC-2024: halkara ulag forumy geçiriler

Aşgabatda Türkiýäniň eksport harytlarynyň sergisine taýýarlyk görülýär

Türkmenistanda Täze ýyl baýramyna taýýarlyk görülýär

Türkmen ýaşlary Hytaýyň we Wengriýanyň abraýly bilim edaralaryna okuwa iberiler