DÜNÝÄ

Saud Arabystany Arkadag şäherine ýokary baha berdi

Türkmenistanyň Saud Arabystany Patyşalygyndaky Ilçisi O.Çaryýew bilen Saud Arabystany Patyşalygynyň Ýerli dolandyryş, oba işleri we ýaşaýyş jaý gurluşygy ministri Majid bin Abdullah bin Hamad Al-Hokaýliň arasynda ikitaraplaýyn duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen Saud Arabystanynyň arasynda ýaşaýyş jaý gurluşygy, gurluşykda ekologik taýdan arassa materiallaryň ulanylmagy we “akylly” tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy boýunça hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ilçi Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy esasynda, «akylly» şäher konsepsiýasyndan ugur alnyp gurulýan Arkadag şäheri barada tanyşdyrylyş maglumaty berdi.

Saud tarapy Arkadag şäherindäki infrastrukturanyň hil taýdan halkara ülňüleriniň ýokary derejesine laýykdygyna, hususan-da, onuň Türkmenistanyň ýerli gurluşyk şereketleri tarapyndan gurulýandygyna ýokary baha berdi.

Taraplar, şeýle hem, şäher gurluşygy pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin iki doganlyk ýurduň arasynda tejribe alyşmak maksady bilen ýörite iş topary döretmek mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşdylar.

Ýene-de okaň

Gazagystanlylaryň 87%-den gowragy täze Konstitusiýanyň taslamasyny goldady

Ata Watan Eserleri

Kabul we Aşgabat TOPH gaz geçirijisiniň ugrundaky ýerleri satyn almak işinde ylalaşýarlar

Millionlarça yzarlaýjysy bolan influenser Ýuji Beleza Türkmenistanyň çäresine gatnaşar

Dr.Döwran Orazgylyjov

Gazagystanda täze konstitusiýa boýunça sala-salyşlyk geçirilýär

Pekinde türkmen–hytaý maýa goýum forumynyň tanyşdyrylyşy geçirildi

Russiýanyň Daşary işler ministrligi türkmen ilçisine täze wezipesinde üstünlik arzuw etdi