Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow geçen ýylda Daşary işler ministrligi tarapyndan alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Hasabat döwründe “Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Konsepsiýasyny” durmuşa geçirmek hem-de öňde goýlan wezipeleri çözmek maksady bilen, yzygiderli işler alnyp baryldy.
Halkara hyzmatdaşlygy ösdürmekde ýokary derejedäki saparlara we gepleşiklere uly ähmiýet berilýär. Hormatly Prezidentimiz daşary ýurtlara döwlet, resmi we iş saparlarynyň 11-sini, şol sanda Russiýa Federasiýasyna, Eýran Yslam Respublikasyna, Özbegistan Respublikasyna, Gyrgyz Respublikasyna, Gazagystan Respublikasyna, Saud Arabystany Patyşalygyna, Birleşen Arap Emirliklerine we Katar Döwletine saparlary amala aşyrdy. Hasabat döwründe daşary ýurtlaryň döwlet we hökümet Baştutanlarynyň ýurdumyza 9 sapary boldy. Türkmenistana Hindistan Respublikasynyň, Azerbaýjan Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň, Eýran Yslam Respublikasynyň, Russiýa Federasiýasynyň, Özbegistan Respublikasynyň we Türkiýe Respublikasynyň Prezidentleri, şeýle hem Gruziýanyň Premýer-ministri geldiler. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow birnäçe ýurtlaryň ýolbaşçylary bilen telefon arkaly söhbetdeşlikleri geçirdi.
Parlamentara gatnaşyklary ösdürmek ýurdumyzyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, 2022-nji ýylyň 12-nji maýynda Aşgabatda geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň birinji parlamentara forumy möhüm ähmiýetli waka öwrüldi.
Hasabat döwründe Daşary işler ministrliginiň üsti bilen 208 wekiliýet döwletimize sapar bilen geldi we Türkmenistandan daşary ýurtlara 383 wekiliýet gitdi. Geçen ýylda sanly ulgam arkaly dürli derejedäki duşuşyklaryň 2 müň 304-si geçirildi. Şeýle hem Türkmenistanda daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen resmi gepleşikleriň we duşuşyklaryň 676-sy guraldy. 2022-nji ýylyň dowamynda halkara resminamalaryň 203-sine gol çekildi. Daşary syýasat edaralarynyň ugry boýunça geňeşmeler we duşuşyklar yzygiderli geçirildi.
Türkmenistanyň daşary ýurtlar we halkara guramalar bilen söwda-ykdysady gatnaşyklaryny ösdürmek boýunça yzygiderli çäreler görüldi. Geçen ýylda ikitaraplaýyn hökümetara toparlaryň mejlisleriniň we olaryň başlyklarynyň duşuşyklarynyň 9-sy geçirildi. “Türkmenistanyň daşary ykdysady işini ösdürmegiň 2020 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasyny” hem-de “Türkmenistanyň 2021 — 2030-njy ýyllar üçin daşary söwda Strategiýasyny” we beýleki degişli resminamalary ýerine ýetirmek boýunça işler yzygiderli alnyp baryldy.
