SPORT

Türkmenistanyň ähli döwürlerdäki simwoliki ýygyndysy

Halkara futbol taryhy we statistika federasiýasy (IFFHS) tarapyndan geçirilen seljermelerden soňra Türkmenistanyň ähli döwürdäki simwoliki ýygyndysy düzüldi.

Şol ýygyndynyň derwezeçisi hökmünde Wiktor Kuroçkin saýlandy. Goragçylar: Wladimir Kuramşin, Wiktor Kuznesow, Baýram Durdyýew, Wýaçeslaw Wowk. Ýarymgoragçylar: Sergeý Agaşkow, Ýakub Urazsahatow, Gurban Berdiýew, Dmitriý Homuha, Waleriý Broşin.

Şol ýygyndyda hüjümçi hökmünde Röwşen Muhadow saýlandy.

Futbol guramasy tarapyndan simwoliki ýygyndy 4-5-1 shemasynda düzüldi. Bu düzüliş futbol meýdançasynyň orta gürpüne has köp ähmiýet bermek maksady bilen düzülen futbol düzülişidir.

Halkara futbol taryhy we statistika federasiýasy 1984-nji ýylyň 27-nji martyndan bäri futbol taryhynyň senenamasyny taýýarlap gelýär. Onuň merkezi binasy Germaniýanyň Bonn şäherinde ýerleşýär.

Related posts

23-nji iýun – Halkara Olimpiýa güni

Ata Watan Eserleri

23 ýyldan soňra “Superboulda” çempion boldy

Messiniň topardaşy tälimçisi boldy

Leave a Comment