SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

“Türkmenistan” awiakompaniýasynyň ilkinji “Airbus” kysymly ýük uçary

“Türkmenistan” awiakompaniýasynyň sargyt eden 2 sany “Airbus A330-200P2F” kysymly ýük uçarynyň ilkinji taýýar edildi. Bu sargyt 2021-nji ýylyň ýanwarynda edilipdi.

“Türkmenistanyň raýat awiasiýasyny ösdürmegiň milli maksatnamasyna” laýyklykda öňde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen, “Türkmenhowaýollary” agentligi bilen “Airbus S.A.S” kompaniýasynyň arasynda ýük uçarlaryny satyn almak boýunça ylalaşyk gazanylypdy.

Şol ylalaşyga laýyklykda, “Airbus” kompaniýasy tarapyndan şol uçarlaryň ilkinjisi taýýar boldy.

“Cargofacts.com” internet neşiriniň habaryna görä, bu ýük uçary “Rolls-Royce Trent 700” hereketlendirijisine eýe bolup, 7400 kilometr menzile çenli uçuş amala aşyrmak mümkinçiligine eýedir.

Related posts

Böwrek çalyşmak boýunça ilkinji transplantasiýa operasiýasy geçirildi

Aşgabat — Türkmenbaşy ugry boýunça howa gatnawlaryny gaýtadan dikelder

Kanadada öndürilen ösümlik esasly koronasanjymy

Leave a Comment