SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Türkmenistana täze lukmançylyk enjamlary getirildi

Türkmenistan çaga dogumynda gyssagly akuşerçilik kömegini bermekde zerur bolan lukmançylyk enjamlaryny satyn aldy.

Elektrohirurgiýa enjamlary we aspiratorlar BMG-niň Ilat Gaznasynyň ýardamy bilen Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň býujet serişdeleriniň hasabyna satyn alyndy.

Çaga dogumynda gyssagly akuşer kömegi zerur bolan wagtda bu lukmançylyk enjamlary ulanylanda enäniň ölüm howpuny 75 göterim azaldyp bilýär. Bu barada BMG-niň Ilat Gaznasy özüniň jemgyýetçilik hasabynda mälim edýär. Gyssagly akuşer kömegi üçin zerur bolan enjamlar mundan ozal 2012-nji ýylda saglygy goraýyş edaralarynda ornaşdyrylypdy we ol yzygiderli täzelenip gelinýär.

Ýene-de okaň

Saglygy goraýyş çygrynda türkmen-gruzin hyzmatdaşlygy pugtalanýar

THY: Aşgabat-Stambul gatnawlarynyň sanyny hepdede 17-ä çykaryldy

German lukmanlary Türkmenistanda iş saparynda bolýarlar

Türkmenistan Bütindünýä saglyk gününi sport çäreleri bilen bellär

Özbegistanda syýahatçylyk çalt ösýär: täze strategiýa ykdysady ösüşi güýçlendirýär

Türkmenistanda “Turkmentravel-2026” atly halkara syýahatçylyk sergisi geçiriler