BIZNES

Türkmenistan Azerbaýjana Ýewropa gaz ibermäge kömek edip biler

ABŞ-nyň Azerbaýjandaky ozalky ilçisi Metýu Braýz “Trend” habarlar gullugyna beren beýanatynda Azerbaýjanyň Ýewropa Bileleşigine energiýa göterijileriň eksport möçberini artdyrmak üçin zerur bolan we kesgitlenen tebigy gaz möçberini Türkmenistanyň üpjün edip biljekdigini belledi.

Azerbaýjanyň Ýewropa tebigy gazy ibermegiň möçberini artdyrmak üçin tebigy gazy öndürmek we özleşdirmek babatda goşmaça maýa goýumlaryna zerurlygyň bardygyny belledi.

Braýz Hazar deňzindäki “Dostluk” känini Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň bilelikde hyzmatdaşlykda özleşdirmek, şeýle hem Hazar deňziniň “Blok 1” böleginde öndürilýän türkmen tebigy gazyny eksport etmek mümkinçiligi arkaly Ýewropa gaz eksport etmek mümkinçiligini artdyrmagyň mümkindigini mälim etdi.

Bilermen eýýäm 10 ýurduň Azerbaýjandan goşmaça tebigy gaz talap edendigini belläp, energiýa göterijileriň möçberini artdyrmak Azerbaýjan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky energetika hyzmatdaşlyk boýunça ylalaşygynyň möhüm bir bölegi bolup durýandygyny aýtdy.

Ýene-de okaň

Türkmen-täjik işewürler geňeşiniň mejlisi geçiriler

Türkmen-türk ykdysady hyzmatdaşlygy maslahatlaşyldy

Daşoguz şäherindäki pagta egriji fabrikde täze önümçilik işe giriziler

Türkmen-özbek toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi

Türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi geçirildi

Taryhy waka: «Aýdyň Gijeler» kompaniýasy Eswatini Patyşalygynda iki sany täze kärhanany gurýar