SPORT

Messi we Ronaldonyň täzeden duşuşmak mümkinçiligi

Dünýäniň futbol ýyldyzlary Lionel Messi bilen Kristiano Ronaldonyň ýene-de duşuşmak mümkinçiligi bar. Ol hem Fransiýanyň “PSŽ” toparynyň şu ýylyň 18-19-njy ýwnarynda Kataryň Doha we Saud Arabystanynyň Er-Riýad şäherlerinde geçirjek ýoldaşlyk duşuşyklarynda mümkin bolup biler.

Fransuz toparynyň Ýakyn Gündogardaky duşuşyklarynyň çäklerinde Saud Arabystanynyň öňdebaryjy toparlary bolan “Al-Hilal” bilen “Al-Nasr” toparlarynyň ýyldyzlaryndan ybarat topar bilen ýoldaşlyk duşuşygy göz öňünde tutulýar.

Bilşiňiz ýaly, Ronaldo häzirki wagtda “Al-Nasr” toparynyň düzümine geçen bolsa, Messi “PSŽ” düzüminde futbol ýoluny dowam etdirýär.

Köpleriň sabyrsyzlyk bilen garaşýan bu duşuşygy Patyşa Fahd adyndaky halkara stadionda geçiriler. Şol duşuşykdan soňra “PSŽ” topary Pariže gaýdyp geler.

Messi bilen Ronaldo 2020-nji ýylyň dekabryndan bäri birek-birege gary duşuşyk geçirmedi. Soňky gezek olar “Ýuwentus” topary bilen “Barselona” toparynyň arasynda Çempionlar ligasynyň çäklerinde geçirilen duşuşykda oýnapdy.

Ýene-de okaň

Ronaldo dünýäniň iň köp girdeji gazanýan türgeni

“Bloomberg”: Messi Ronaldodan ýarym ýyl soňra milliarder boldy

Bütindünýä welosiped güni: köpçülikleýin welosipedli ýörişi geçiriler

Ronaldo Saud Arabystanynyň çempiony boldy

Ata Watan Eserleri

“Aston Willa” taryhynda ilkinji gezek Ýewropa ligasynyň kubogyny gazandy

Eýranyň milli ýygyndysy dünýä çempionatyna Antalyada taýýarlanýar

Ata Watan Eserleri