BILIM

Halkara täjirçilik arbitražy: mysaly okuw bäsleşiginiň ýeňijileri belli boldy

“Hukukçy” hojalyk jemgyýeti mysaly okuw bäsleşiginiň gurnaýjysy bolup durýar (ugry: Halkara täjirçilik arbitražy). Mysaly okuw bäsleşigine ýokary okuw mekdepleriniň hukuk hünäri boýunça bilim alýan talyplary gatnaşyp bilýärler.
Mysaly okuw bäsleşiginiň esasy maksady hukuk hünäri boýunça bilim alýan talyplaryň geljekde hünär işi üçin zerur bolan amaly endikleri ösdürmekdir. Bäsleşigiň esasyny hukuk hyzmatlary çygryndaky kompaniýalaryň we halkara täjirçilik arbitražlarynyň tejribelerinden alnan işlerden düzülen mysaly bir wakany hukuk taýdan seljermek, delillendirmek hem-de kanunçylyga laýyklykda dogry çözgüdini tapmak emele getirýär. Bäsleşigiň dowamynda ýokary okuw jaýlarynyň talyplaryndan toparlar düzülýär we “Halkara täjirçilik arbitražy hakynda” Türkmenistanyň kanunyna laýyklykda arbitraž işiniň taraplary hökmünde çykyş edýär. Emin agzalaryň hataryna ýokary okuw jaýlarynyň  mugallymlary, kazyýet edaralarynyň kazylary, täjirçilik pudagynda işleýän hukukçylar, ylmy hukuk jemgyýetiniň wekilleri we ş.m. girýärler. Mysaly okuw bäsleşiginiň tapgyrlary
Mysaly okuw bäsleşigi iki tapgyrda geçýär:
– I tapgyr (saýlama tapgyr)- Toparlaryň berlen iş boýunça delillendiriş (Memorandum)  görkezýän ýazmaça işleriniň bäsleşigi;
-II tapgyr (jemleýji tapgyr)- dilden saýlama tapgyrlary we final tapgyry öz içine alýan toparlaýyn dilden çykyşlar.
Bäsleşigiň netijelerine laýyklykda ýeňijiler aşakdaky nominasiýalar boýunça sylaglandy: 
“Ýeňiji topar” ( – 5 000 manat möçberdäki pul baýragy): Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniñ Halkara hukugy we halkara gatnaşyklary fakultetiniñ Halkara hususy hukugy hünäriniñ 2-nji ýyl talyplary Aýdogdyýewa Mähriban we Çaryýew Merdan.
“Bäsleşigiň final tapgyryna çykan topar” ( – 3 000 manat möçberdäki pul baýragy): Türkmenistanyñ Daşary işler ministrliginiñ Halkara gatnaşyklary institutynyñ talyplary.
“Iň gowy orator” ( – gatnaşyja 1 000 manat möçberdäki pul baýragy): Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniñ Halkara hukugy we halkara gatnaşyklary fakultetiniñ halkara hususy hukugy hünäriniñ 2-nji ýyl talyby Aýdogdyýewa Mähriban.
Şu ýerde bellemeli zat, Mähriban Aýdogdyýewanyň “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň taýýarlap, ýaýlyma berýän “Türkmenistan gündemi” atly türk dilindäki gepleşikleriň alypbaryjysydyr.

Ýene-de okaň

Ýurdumyzyň ýaş robot tehnikaçylary Dubaýda geçiriljek IWISE Global Final bäsleşigine gatnaşarlar

Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Harby-deňiz institutynyň ýokary hünär bilimine 2026-2027-nji okuw ýylynda okuwa kabul etmegiň tertibi

Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Ýöriteleşdirilen harby-deňiz mekdebine 2026-2027-nji okuw ýylynda okuwa kabul etmegiň tertibi

Türk ministri: 37500 türkmenistanly talyp Türkiýede bilim alýar

Türkmenistanyň okuwçylary STEM olimpiadasyna gatnaşýarlar

Türkmen ýaşlary Malaýziýanyň PETRONAS uniwersitetinde bilim alyp bilerler