DÜNÝÄ

6 müň Aýazbabanyň marafony

Ispaniýanyň Madrid şäherinde däbe öwrülen Aýazbabalaryň marafony geçirildi. Oňa 6 müň 105 adam gatnaşdy. Umuman, her ýyl diýen ýaly, Madrid şäherinde Täze ýylyň öňüsyrasynda Aýazbabalaryň gatnaşmagynda uzak aralyga ylgamak ýaryşy geçirilýär.

Üstümizdäki ýylda bu ylgaw marafonyna 6 müň 105 adam gatnaşyp, olar Aýazbabanyň eşiklerini giýdiler. Paýtagt Madridiň Kastellana şaýolunyň ugry boýunça 4 kilometr aralyga ylgamak bäsleşigi geçirildi. Bu durmuş maksatly çäräden gelýän girdeji haýyr-sahawat işlerine gönükdirilýär.

Howanyň sowukgyna garamazdan, bu ýaryşa gatnaşan her ýaşdan adam sport bilen raýdaşlygyň sazlaşygyny emele getirdi.

Şol bir wagtda Ispaniýanyň Pamplona şäherinde 700 adam Aýazbaba eşiginde motosiklli şäheriň merkezinde aýlanyp, hassahanalardaky çagalara sowgat paýlady.

Related posts

Merkezi Aziýa-Russiýa zenanlar dialogyna taýýarlyk görlüp başlandy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistanyň Senatynyň Başlygy bilen duşuşdy

Türki Döwletleriň Guramasynyň Ýaşulular geňeşiniň mejlisi Aşgabatda geçiriler

Leave a Comment