JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidenti Katar Döwletiniň Emirini gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Katar Döwletiniň Emiri Şeýh Tamim bin Hamad Al-Tanä Katar Döwletiniň Milli güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

“Soňky ýyllarda Türkmenistan bilen Katar Döwletiniň arasyndaky doganlyk gatnaşyklary täze mazmun bilen baýlaşdyryldy, dürli ugurlar boýunça hyzmatdaşlyk ýola goýuldy we netijeli alnyp barylýar” diýip, döwlet Baştutanymyz gutlag hatynda belledi hem-de ikitaraplaýyn gatnaşyklary täze sepgitlere ýetirmäge taýýardygyny aýdyp, onuň iki ýurduň halklarynyň bähbidine hyzmat etjekdigine ynam bildirdi.

Döwlet Baştutanymyz şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Emir Şeýh Tamim bin Hamad Al-Tanä berk jan saglyk, abadançylyk, işlerinde üstünlik, Katar Döwletiniň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, rowaçlyk, gülläp ösüş arzuw etdi.

Related posts

Türkmenistanda açyljak elektrik stansiýasy Owganystana hem peýda getirer

‘Huawei’ akylly äýnek öndürer

vepa

Lebap welaýatynda täze metjidiň düýbi tutuldy

Ata Watan Eserleri

Leave a Comment