SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Daşoguzda täze saglyk öýi açyldy

Hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly baýramynyň öňüsyrasynda Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň Parahat geňeşliginde täze saglyk öýüniň açylmagy oba ýaşaýjylary üçin ajaýyp toý sowgadyna öwrüldi.

Welaýat häkimliginiň gurluşyk önümleri kärhanasynyň işçi-hünärmenleri tarapyndan gurlan bu saglygy goraýyş binasynda oba ilatyna köpugurly lukmançylyk hyzmatyny etmek üçin ähli şertler döredildi. Saglyk öýünde sanjym, hasaba alyş, barlaghana we beýleki lukmançylyk otaglary, dermanhana, naharhana ýerleşýär. Bu ýerde ýatymlaýyn bejergi almak üçin hem ýörite otaglar bar. Täze binanyň degre-daşyny bezeg agaçlary gurşap alýar.

 

Related posts

Ýene bir ýörite uçar gatnawy: Türkmenbaşy-Stambul

Ata Watan Eserleri

Tahiti adasyndan ullakan merjen gaýasy tapyldy

Ata Watan Eserleri

Niderlandlar koronawirus çäklendirmelerini ýatyrýar

Ata Watan Eserleri

Leave a Comment