SPORT

Katar-2022: golsuz tamamlanan duşuşyklar

Katarda geçirilýän futbol boýunça dünýä çempionatynda golsuz tamamlanýan duşuşyklaryň sany 3-e ýetdi. Şu günüň ilkinji duşuşygynda “F” toparda Horwatiýa bilen Marokko duşuşdy. Duşuşyk çekeleşikli geçse-de, hasap açylmady.

Katar-2022-de şu wagta çenli oýnalan 9 duşuşygyň 3-si golsuz tamamlandy. Düýnki duşuşyklarda Daniýa bilen Tunisiň, Meksika bilenem Polşanyň arasyndaky oýunlarda hasap açylmandy.

Meksika bilen Polşanyň duşuşygynda hasabyň açylmazlygy Lionel Messili Argentinanyň hem peýdasy bolan bolmagy mümkin. Sebäbi Argentina garaşylmadyk ýagdaýda Saud Arabystanydan ýeňildi.

Soňky gezek dünýä çempionatyna gatnaşýan Messi şu gezek çempion bolmagy arzuw edýär.

Related posts

“Golden Boy” baýragynyň dalaşgärleri mälim edildi

Benzema – “Altyn pökgi” baýragynyň eýesi boldy

“Real”-“Mançester Siti”: 3-3, “Arsenal” – “Bawariýa”:2-2

Leave a Comment