DÜNÝÄ

Merkezi Aziýanyň ýolbaşçylary Tokaýewi ynamly ýeňşi bilen gutlady

Gazagystanda geçirilen prezident saýlawlarynda ynamly ýeňiş gazanan Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewi Merkezi Aziýanyň döwlet baştutanlary – Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew we Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon gutladylar.

Kasym Žomart Tokaýew bilen bu döwletleriň baştutanlarynyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Taraplar özara bähbitlilik ýörelgelerine esaslanan döwletara gatnaşyklarynyň derejesi barada pikir alyşdylar.

Şeýle hem döwlet Baştutanlary sebit we halkara meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Mundan başga-da, özara saparlary guramagyň meseleleri boýunça pikir alşyp, ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmegiň möhümdigini bellediler.

Related posts

Türkmenistanyň ilçisi Serbiýanyň Prezidentine ynanç hatyny gowşurdy

Stambul şäherinde Türkmenistanlylar raýdaşlyk jemgyýeti döredildi

Dr.Döwran Orazgylyjov

Nobel hepdeligi: edebiýat baýragynyň eýesi belli boldy

Ata Watan Eserleri

Leave a Comment