BIZNES

Gazagystan nebit önümçiligini 100 million tonna ýetirer

Gazagystanyň milli ykdysadyýet ministri Alibek Kuantyrow ýurduň 2023-2027-nji ýyllar üçin durmuş-ykdysady ösüşine degişli çaklamalar barada habar berdi. Bu barada Gazagystanyň milli habarlar agentligi habar berýär.

Halkara maliýe guramalarynyň çaklamalaryna görä, 2022-nji ýylda nebitiň barreliniň bahasy 104.2 dollara deň bolar. 2023-nji ýylda dünýä ykdysadyýetiniň ösüş depgini 3 göterime barabar bolar.

Ministriň bellemegine görä, Gazagystanyň jemi içerki önüminiň ösüş depgini 2023-nji ýylda 4 göterim, 2027-nji ýylda 4,2 göterime deň bolar. 2023-nji ýylda nebit önümçiligi 92.6 million tonna, 2027-nji ýylda bolsa 99.9 million tonna barabar bolar.

Milli bankyň çaklamalaryna görä, eksport 80.9 milliard dollardan 84.6 milliard dollara, import bolsa 45.7 milliard dollardan 53,5 milliard dollara deň bolar.

Ýene-de okaň

Türkmenistanda 3 aýda jemi içerki önümiň ösüşi 6,3 göterim artdy

Aşgabatda “Hyzmatdaşlyk we ösüş” atly köpugurly halkara sergi geçirilýär

Türkmenistan bilen Azerbaýjan ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegi maslahatlaşdylar

Gruziýa türkmen nebitini satyn almagy meýilleşdirýär

Türkmenistanda 2026-njy ýylda şaly öndürmek hakyndaky resminama gol çekildi

Aşgabatda «Hyzmatdaşlyk we ösüş» atly köpugurly halkara sergi geçiriler