BILIM

Uçurymlary kompaniýa ýolbaşçy bolan uniwersitetler

“Fortune” žurnaly tarapyndan her ýyl ABŞ-nyň öňdebaryjy 500 kompaniýasynyň sanawyny düzýär. Şol sanawdaky kompaniýalaryň ýolbaşçylarynyň haýsy ýokary okuw mekdebi tamamlandygynyň hem hasaby ýöredilýär. Bu ýagdaý, ýokary okuw mekdepleriniň abraýy hem-de derejesi hem öz oňyn täsirini ýetirýär.

Ýokary okuw mekdeplerini derejelendirýän “Academic influence” edarasy 2021-nji ýylda “Fortune” žurnalynyň sanawyndaky 500 kompaniýanyň ýolbaşçylary boýunça seljerme işlerini geçirdi.

Şol serljermä laýyklykda, 500 kompaniýanyň ýolbaşçylarynyň haýsy ýokary okuw mekdeplerinden uçurym bolandygy mälim edildi.

Uçurymlary ýolbaşçy bolan ýokary okuw mekdepleriniň sanawynda öňdeligi 41 uçurymy bilen Garward uniwersiteti eýeledi.

Şeýle hem ilkinji onlukda Pensilwaniýa uniwersiteti (23), Stanford uniwersiteti (22), Demirgazyk-günbatar uniwersiteti (20), Kolumbiýa uniwersiteti (18), Çikago uniwersiteti (15), Miçigan uniwersiteti (15), Kornel uniwersiteti (10), Dartmut kolleži (10) we Wirjiniýa uniwersiteti (10) bar.

Mundan başga-da, ýokarda agzalan uniwersitetleri tamamlap, ýolbaşçy hem-de esaslandyryjylar bolup durýan we dünýäniň baýlarynyň hataryna giren uçurymlar hem bar. Olaryň hatarynda Maýkl Dell, Mark Zukerberg, Ilon Mask, Todd Jones, Jak Dorseý ýalylar bar.

Ýene-de okaň

Türkmen ýaşlarynyň Astanadaky üstünligi

Ýurdumyzyň ýaş robot tehnikaçylary Dubaýdan 12 medal bilen dolandylar

Ýurdumyzyň ýaş robot tehnikaçylary Dubaýda geçiriljek IWISE Global Final bäsleşigine gatnaşarlar

Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Harby-deňiz institutynyň ýokary hünär bilimine 2026-2027-nji okuw ýylynda okuwa kabul etmegiň tertibi

Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Ýöriteleşdirilen harby-deňiz mekdebine 2026-2027-nji okuw ýylynda okuwa kabul etmegiň tertibi

Türk ministri: 37500 türkmenistanly talyp Türkiýede bilim alýar